Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstümizdäki ýylynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi tötänden däldir. Çünki, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz geljekde ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýärler. Şeýle ynam bolsa, ýaşlarymyzy eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmäge, yhlasly okamaga borçly edýär.
Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, welaýatyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde guramagynda Mary şäher häkimliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: täze döwür, täze nesil, täze maksatlar» ady bilen guralan duşuşyga jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de bilim ulgamynyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň esasy maksady ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, watansöýüji, edep-ekramly bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybarat boldy.
Wagyz-nesihat duşuşygynda çagyrylan myhmanlar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýaşlaryň aýdyň geljegi üçin döwletli işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň rowaçlanýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çykyşlarynyň dowamynda jemgyýetçilik düzgün-tertibi üpjün etmegiň, kanunçylygy pugtalandyrmagyň, ýaş nesli watansöýüjilik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemegiň, olary ahlak taýdan arassa we lebzihalal adamlar edip ýetişdirmegiň, olaryň bidüzgünçiliklerden daşda bolmaklaryny gazanmagyň meseleleriniň üstünde durup geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda ýaşlar hakynda edýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.
Abdylla HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.