Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň sahawatly saýasynda ýeňişli menzillere ynamly barýan türkmen halkymyz «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda-da uly ösüşlere, beýik özgerişlere eýe bolýar. Gazanylýan ösüşler, ýetilýän beýik özgertmeler bolsa, halkymyzyň aňynda ýatdan çykmajak pursatlary döredýär.
Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň merjen şäherimiz bolan paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat şäheriniň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerini synlap, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna täze döreden ajaýyp goşgusyny okap bermegi ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyryp, ýürek buýsanjyny has-da artdyrdy.
Hut şu nukdaýnazardan, Mary myhmanhanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramagynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. «Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga belent sarpa» ady bilen geçirilen duşuşyga kalplary buýsançdan doly ýaşlar gatnaşdy.
Täsirli geçen bu duşuşykda Magtymguly Pyragynyň agzybirlikde ýaşamak we ata Watany ak ýürekden söýmek baradaky arzuwlary bu günki gün, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýandygy dogrusynda söhbet açyldy. Çykyşlarynyň dowamynda, ata Watanymyzda häzirki günlerde söz mülküniň hökmürowany Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna görülýän taýýarlyk çäreleriniň giň gerime eýe bolýandygy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerini synlap, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze döreden ajaýyp goşgusyny okap bermeginiň ýaşlar üçin ýatdan çykmajak taryhy waka bolandygy dogrusynda joşgunly gürrüňler diňlenildi.
Täsirli geçen duşuşyga gatnaşyjylar «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini özlerine baky hemra edinen bagtyýar türkmen ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza kalplarynyň egsilmez alkyşdan doludygyny ýene bir ýola buýsanç bilen belläp, türkmeniň beýik şahsyýetlerine hormat-sarpa goýýan we olaryň ykbalyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Kakajan TÄÇGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat
Geňeşiniň kätibi.