Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzy ösdürmekde belent sepgitlere ýetilip, uly zähmet üstünlikleri gazanylýar. Şanly ýylymyzyň taryhy wakalary bolsa, il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Şeýle wakalaryň biri hem, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar Jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi türkmen halkymyzda, ylaýta-da ýaşlaryň kalbynda egsilmez ruhy joşguny döretdi. Hut şu nukdaýnazardan, şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, şanly waka mynasybetli geçirilýän dabaraly maslahatlar welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde giňden dabaralanýar.
Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşiniň guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. «Türkmenistan-ÝUNESKO: Bütindünýä Ýaşlar Jemgyýetiniň strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlarynyň orny» ady bilen geçirilen maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri, işjeň agzalary, bilim, medeniýet ulgamynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan şanly waka bagyşlanyp geçirilen bu maslahatda many-mazmunly çykyşlara giň orun berildi.
Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, «Maru-Şahu Jahan» gazetiniň uly habarçysy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Aýparça Akymowa, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň 38-nji orta mekdebiniň mugallymy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Serdar Rejepow, Türkmengala etrabynyň ýaşaýjysy, telekeçi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Aýgül Nazalyýewa, Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Aýna Arazmedowa, Ýolöten etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň mugallymy Şasenem Röwşenowa dagylar çykyş etdiler.
Çykyşlaryň dowamynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bir-biriniň üstüni ýetirýän taryhy wakalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar Jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hem-de bu taryhy wakanyň ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny giňeltmekde bitirýän hyzmatlarynyň nobatdaky ykrarnamasy bolup durýandygy barada joşgunly gürrüňler diňlenildi şeýle hem medeniýet-sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna tükeniksiz alkyşlar aýtdylar.
Hojaberdi BABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
Umumy bölüminiň esasy hünärmeni.