Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda il-ýurt bähbitli işleriň bady barha artýar. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, ruhubelent, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda uly alada edilýär. Hut şu nukdaýnazardan, şu günler welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.
Golaýda Ýolöten etrabynyň medeniýet merkezinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: täze döwür, täze nesil, täze maksatlar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresini Mary welaýat we Ýolöten etrap häkimligi, etrap prokuraturasy, etrabyň polisiýa bölümi, etrap Kazyýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurap, oňa edara-kärhanalaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, watansöýüji we edep-ekramly bolup ýetişmegi, olaryň zyýanly endiklerden hem-de bidüzgünçiliklerden daşda bolmaklaryny gazanmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Işjeň ýagdaýda geçen wagyz-nesihat çäresinde çagyrylan myhmanlar çykyş etdiler. Olar ýurdumyzda ýaşlar hakynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan giň möçberli işler, gürrüňi edilýän mesele babatda Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň ýol-ýörelgeleri dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem çykyş edenler jemgyýetçilik düzgün-tertibi üpjün etmegiň, kanunçylygy pugtalandyrmagyň we ýaş nesliň talabalaýyk bilim-terbiýe alyp, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, ahlak taýdan arassa we lebzihalal, ata Watanymyza wepaly adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigini nygtadylar.
Çäräniň ahyrynda ýaşlar hakynda alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.
Meretgeldi ANNAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň başlygy.