«ÝAŞ TERJIMEÇINIŇ USSATLYGY» ATLY BÄSLEŞIGINIŇ JEMLERI JEMLENDI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adalatly ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyz ösüşleriň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Watanymyzyň geljegini ýaşlarda görýän Arkadagly Serdarymyzyň bilim we ylym ulgamlaryny dünýä ölçeglerine laýyk getirmek, ýaşlar syýasatyny ösdürmek ugrunda edýän bimöçber aladalary özüniň ajaýyp miwelerini berýär.

     Şu gün, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi, «Maru-Şahu Jahan» welaýat gazetiniň redaksiýasy hem-de «Miras» hojalyk jemgyýetiniň «Miras» okuw merkezi bilen bilelikde yglan eden «Ýaş terjimeçiniň ussatlygy» atly bäsleşigiň jemleri jemlendi. Bäsleşigiň esasy maksady ýaşlaryň dil baýlygyny hem-de daşary ýurt dillerine bolan höwesini ýokarlandyrmakdan, olary terjimeçilik sungatyna çekmekden, bu babatda öz ukyp-başarnygyny açyp görkezmekden ybarat boldy.

     Döredijilik bäsleşigi 2 topardan ybarat bolup, iňlis we rus dillerinde ýazylan kiçi göwrümli hekaýalary, tymsallary, ertekileri, daşary ýurt degişmeleri we täsinlikleri türkmen diline terjime etmek boýunça geçirildi. Bu ugurlar boýunça ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlardan, dürli ugurlarda zähmet çekýän ýaş hünärmenlerden, ýaşaýjylardan, şeýle-de mekdep okuwçylaryndan birnäçe eserler gelip gowuşdy. Ýörite düzülen eminler topary tarapyndan terjimeleriň many-mazmunyna, terbiýeçilik ähmiýetine aýratyn üns berlip, eserleriň iň gowularynyň awtorlary bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde saýlanyldy. Guramaçylar tarapyndan ýeňijilere, baýrakly orunlaryň eýelerine we işjeň gatnaşan ýaş terjimeçilere sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

     Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak üçin geçirilen dabarada medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de «Joşgun» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Ýerine ýetirilen ajaýyp tanslar bolsa, hemmelere ruhy lezzet paýlady.Biz hem, «Ýaş terjimeçiniň  ussatlygy» ady bilen üstünlikli geçen bäsleşige gatnaşan awtorlary gazanan ýeňişleri bilen gutlap, olaryň döredijilik äleminde ylhamlarynyň hemişe joşgunly bolmagyny arzuw edýäris!

     Goý, ösüşleriň anyk menzillerini, ýeňişlere barýan ýoluň aýdyň sepgitlerini kesgitläp berýän, kämil paýhasyň eýesi bolan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 8 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

30 Iýun 2025 | 544 okalan

MEN ÖZ ARZUWYMY ÇEKÝÄRIN

30 Iýun 2025 | 564 okalan

KÖRPELER BÄSLEŞDILER