TÜRKMENISTANDA ÝYLYŇ IŇ GOWY FUTBOL EMINI BELLI BOLDY

Resul Mämmedow 2022-nji ýylda «Türkmenistanyň iň gowy futbol emini» diýlip yglan edildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýtynda habar berdi.

23-nji dekabrda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşygyň baş emini bolan Resul Mämmedowa şu ýyl Türkmenistanyň çempionatyndan, Kubok ýaryşyndan daşary hem AFK tarapyndan halkara ýaryşlaryň hem birnäçesi ynanyldy.