«Arkadag» futbol topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony diýen ada bassyr üçünji gezek eýe boldy. Döwlet ähmiýetli şäheriň adyndan çykyş edýän bu topar milli birinjiligiň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda, 23-nji tapgyryň duşuşygynda «Ahal» toparyny 1:0 hasabynda ýeňip, möhletinden öň bu uly üstünlige eýe boldy.
Oýun Aşgabat şäheriniň «Nusaý» stadionynda geçirildi.
Duşuşygyň uly böleginde Türkmenistanyň wise-çempiony myhman toparyň hüjümlerini saklamagy başardy. Ýöne 68-nji minutda duşuşygyň ykbalyny çözen ýeke-täk goly öz derwezesine goýberdi. Goly soňky iki çempionatyň iň netijeli oýunçysy Didar Durdyýew tora saldy. Häzir onuň hasabynda 21 pökgi, şol sanda 1 pökgi jerime urgudan bolup, ol mergenleriň arasynda ynamly öňde barýar. D.Durdyýewiň yzyndan onuň topardaşlary: Begenç Akmämmedow – 17 (1 – jerime urgudan), Altymyrat Annadurdyýew – 16 (1 – jerime urgudan), Şamämmet Hydyrow – 9 (1 – jerime urgudan) gelýär.
Şu ýeňişden soň 22 oýunda 66 utuk toplan «Arkadag» toparynyň futbolçylary galan bäsdeşler üçin elýetersiz boldy.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy düzümini emele getirýän «Arkadag» futbol topary 2023-nji ýylda döredilipdi. Ol ilkinji gezek çykyş eden ýylynda goşa üstünlik gazandy, Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiji boldy we Kubogyny eýeledi. Döredileli bäri bu toparyň milli çempionatyň resmi duşuşyklarynda ýekeje utuk hem ýitirmändigini bellemelidiris. Geçen ýyl «Arkadag» toparynyň futbolçylary trebl etdiler: milli birinjiligiň altyn medalyna goşmaça Türkmenistanyň Kubogyny we Superkubogyny hem goşdular. Ine, indi olar yzly-yzyna üçünji ýyl esasy milli baýragy eýelediler.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 44 ýaşly ozalky tanymal hüjümçisi, Groznynyň «Terek» toparynyň düzüminde 2003-2004-nji ýylda Russiýanyň Kubogynyň eýesi we «Balkan» toparynyň düzüminde 2013-nji ýylda AFK-nyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi Wladimir Baýramow «Arkadag» toparynyň baş tälimçisi hökmünde bu üstünlige ýetirdi.
Ikinji orunda 22 duşuşykdan soň 40 utuk toplan «Altyn Asyr» hem-de onuň yzyndan gelýän Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» (22 oýundan soň 39 utuk) we «Ahal» (20 oýundan soň 36 utuk) toparlary kümüş medala dalaş edýärler.
«Şagadam» topary öz meýdançasynda «Aşgabat» toparyny goşmaça wagtda ynamly ýeňip (2:1), üçünji orunda galdy. Meýdança eýeleri 33-nji minutda Pirmyrat Soltanowyň salan golundan soň 0:1 hasabynda yzdady. Ýöne Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aly Gurbanyň topary ikinji ýarymda Mekan Aşyrowyň (46-njy minut) we Ionel Kosofananyň (90+8) takyk urgulary netijesinde duşuşygyň gidişini üýtgetmegi başardy we üstünlige eýe boldy.
Mary şäherinde geçirilen tapgyryň beýleki duşuşygynda Aşgabat şäheriniň «Köpetdag» topary goşmaça wagtda «Merw» topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnamagy başaryp, ýeňilmekden halas boldy. Meýdança eýelerinden Kemal Annamuhammedow (37-nji minut) we Mukam Nazzyýew (73-nji minut), myhmanlardan bolsa Daýanç Meredow (70-nji minut) we Orazmuhammet Işangulyýew (90+1) tapawutlanmagy başardylar. Bu oýunda 1 utuk gazanan toparlar ýaryş tertibiniň aşagynda galdy: «Merw» topary 12 utuk bilen 7-nji, «Köpetdag» topary 11 utuk bilen 8-nji orny eýeleýär.
23-nji tapgyryň ýene bir oýny «Altyn Asyr» bilen «Nebitçi» toparlarynyň arasyndaky duşuşygydyr. Milli birinjiligiň bürünç medalçysynyň Butanda geçiriljek 2025/26-njy möwsüminiň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmagy sebäpli, oýun başga güne geçirildi.
turkmenistan.gov.tm
 
                     
                     
                     
                             
                    












