SPORT – SAGDYNLYGYŇ GOŞA GANATY

Jemgyýetimizde kämil şahsyýeti terbiýelemekde ata-babalarymyzyň “Sagdyn bedende - sagdyn ruh”, “Jany sagyň göwni çag” ýaly dürdäne pähimlerinden ugur alynýar. Dürli ýaşlardaky raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna uly üns berilýär. Ak mermere beslenen, Aziýanyň merjen şäheri bolan gözel Aşgabadymyzda, welaýatlarymyzyň ähli ýerlerinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ösen tehniki sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan sport desgalary, suw toplumlary gurlup ulanylmaga berlip, olar ýaşlaryň, sportsöýüjileriň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Munuň şeýledigini “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň ajaýyp günlerinde geçirilýän bäsleşikleriň, dabaralaryň mysalynda hem görmek bolýar.

Häzirki wagtda peýdaly we ekologiýa taýdan arassa bolan welosiped sporty köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzda welosiped sporty boýunça köpçülikleýin ýörişleriň guralmagynyň ähmiýeti uludyr. Şeýle ýörişler welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artmagyna ýol açýar. Bilşimiz ýaly, welosport bilen yzygiderli meşgullanmak ynsan saglygyny berkidýär. Beden işjeňligini ýokarlandyrýar, beden taýýarlygyny kämilleşdirmäge ýardam edýär. Biziň ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň sany barha artýar.

Sport dost-doganlygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň esasy guraly bolup durýar. Sportuň sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde, ýokary netijeleri gazanmakda ähmiýetiniň uly orny eýeleýändigini durmuş aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň görelde bolmagy bilen, sportuň köpçülikleýin ösdürilmegi döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Türkmen sportunyň has-da ösmegine uly goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin !

 

Kuwwat GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.