Bedenterbiýe we sport häzirki döwürde ynsan durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Häzirki döwürde sportda we bedenterbiýede innowasion tehnologiýalaryň orny barha ýokarlanýar. Kompýuter maksatnamalarynyň hem-de ulgamlarynyň ösmegi türgenleşikleri has netijeli guramaga, oýunlara düzedişleri girizmäge we türgenlere zerur bolan psihologik kömegi bermäge ýardam edýär.
Ýaryşlarda öz ussatlygyny, ukyp-başarnyklaryny görkezmek islendik türgen üçin möhümdir. Şunda taýýarlygyň psihologik tapgyry hem uly ähmiýete eýedir. Çünki ruhy taýýarlyk sport netijeleriniň ýokarlanmagyna gönümel täsirini ýetirýär. Munuň üçin bolsa, adatça, «akylly» tehnologiýalaryň kömeginden hem peýdalanylýar. Olaryň esasy maksady artykmaç dartgynlylygy aradan aýyrmak hem-de türgeniň güýjüni ýerlikli peýdalanmak arkaly sport üstünliklerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Sportda şikeslenmeler hem ahyrky netijä uly täsirini ýetirýär. Olaryň ýüze çykmagynyň öňüni almakda-da döwrebap tehnologiýalaryň mynasyp paýy bar. Tehnologiýalar türgeniň saglyk ýagdaýyna hem-de beden taýýarlygynyň görkezijilerine gözegçilik edip, has agyr türgenleşikleriň netijesinde ýüze çykyp biljek şikeslenmelerden goranmaga kömek edýär.
Täzeçil tehnologiýalaryň we innowasion işläp taýýarlamalaryň ulanyşa girizilmegi, adatça, iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän döwrüne gabat gelýär. Olaryň ýekeleýin ýa-da toparlaýyn görnüşlerde gazanylýan netijelerdäki ornuny uly üstünlikleri gazanýan türgenler hem tassyklaýar. Bularyň ählisi sportuň ösüşiniň tehnologiýalaryň kämilleşmegi bilen gönümel baglanyşyklydygyny görkezýär.
Orazjemal ORAZOWA,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň 5-nji ýyl talyby.