TÄZELENÝÄN DÜNÝÄ REKORDLARY

Suwda ýüzmek boýunça iri ýaryşlarda täze-täze rekordlaryň goýulýandygy bellidir. 13-nji dekabrda Awstraliýanyň Melburn şäherinde açylyşy bolan gysga aralyga suwda ýüzmek boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji günleri-de bu hakykaty ýenebir ýola tassyklady. Ýaryş turuwbaşdan täze rekordlar bilen başlandy.

Dünýä çempionatynyň ilkinji güni iki dünýä rekordy täzelendi. 4 х 100 m aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça estafetada Italiýanyň erkekler hem-de Awstraliýanyň zenanlar ýygyndy toparlary tapawutlandylar. Italiýaly türgenler bu usulda 3.02,75 netije görkezip, ýeňiji bolsalar (ABŞ-ly suwda ýüzüjilere degişli öňki rekord – 3.03,03), ýer eýeleri 3,25,43 netije bilen öňdäki orny eýelediler (niderlandly türgenlere degişli öňki rekord – 3.26.53).

Ýaryşyň ikinji güni bir rekord hasaba alyndy. 4 х 50 m aralyga garyşyk kombinirlenen estafetada ABŞ-nyň erkekler ýygyndy topary tapawutlandy – 1.35,15. Öňki rekord (1.36,18) niderlandly suwda ýüzüjilere degişlidi. Bu usulda ikinji orny italiýaly, üçünji ýeri bolsa kanadaly türgenler eýelediler.

 

Hydyr RZAKULYÝEW,

TDB we SI-niň 1-njy ýyl talyby.