TÜRKMENISTAN KARATE BOÝUNÇA AZIÝANYŇ ÇEMPIONATYNA IKI BÜRÜNÇ MEDAL BILEN GIRIŞDI

Türkmenistanly karateçiler Özbegistanyň Daşkent şäherinde başlan karate WKF boýunça ulularyň, kadetleriň, ýaşlaryň we ýaşy 21-e ýetmedik türgenleriň arasyndaky Aziýa çempionatyna bürünç medallaryň ikisi bilen girişdiler.

60 kilogram agram derejesinde çykyş eden 16 ýaşly ildeşimiz Magtymguly Annaýew hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardy. Mundan başga-da, 75 kg-de bäsleşen 17 ýaşly karateçimiz Hemra Begjanow şeýle üstünlige ýetdi.

Heniz türkmen ýygyndysynyň dünýäniň 28 ýurdundan 700-den gowrak türgeni jemlän Aziýa çempionatynda uly üstünlikleri gazanmagyna garaşylýar. Çünki çempionatda çykyş edýän milli ýygyndymyza 24 türgen agzalyk edýär.

 

turkmenportal.com