Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri biziň her birimizi çäksiz buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan bu ösüş-özgerişlerde ýaşlarymyzyň aýdyň ertirini, röwşen geljege bolan ynamly garaýyşlaryny görýäris.
Mähriban Diýarymyzda jemgyýetimiziň sagdyn ösüşini esaslandyrýan ýaş nesli terbiýelemekde gadymdan gelýän däp-dessurlara, ýol-ýörelgelere esaslanylýar. Öz geçmişini gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, edep-kadalary, nesil terbiýesi bilen berk baglanyşyklydyr. Asyrlarboýy halkymyzyň çaga terbiýelemekde kämilleşen asylly däpleri, edep-kadalary bolupdyr. Ol kadalar Oguzhan eýýamynda kemala gelen türkmeniň milli ruhy dünýäsinden gözbaş alýar.
Ata-babalarymyz nesilleriň akylly, sagdyn, dogruçyl, asylly, ruhubelent, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly alada edipdirler. Nesil terbiýesi örän çylşyrymly hem-de jogapkärli işdir. Her bir çaga jemgyýetde özüni alyp barmagyň düzgünlerini, daş-töwerege, adamlara bolan garaýşyny öz maşgalasynda ene-atasyndan, mekdepde mugallymyndan, deň-duşlaryndan öwrenýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýesinden kemala gelen «edep» sözi terbiýe-tertip, utanç-haýa, sypaýylyk ýaly çuň manylary özünde jemleýär. Şonuň üçin çaga terbiýesinde edeplilik baradaky düşünjä uly orun degişli bolup, bu hem gönüden-göni ýaşuly nesliň göreldesi bilen baglydyr. Sebäbi döwletiň berkligi jemgyýete bagly, jemgyýetiň sagdynlygy bolsa maşgala baglydyr. Maşgala milletiň, jemgyýetiň galkynmagynda uly orun tutýan bolsa, maşgalanyň galkynmagynda perzendiň orny uludyr.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň pugta binýadyny gurmak, ösdürmek we dünýädäki abraýyny belende götermek her bir şahsyýetiň zähmetine bagly bolup durýar. Şonuň üçinem ýurdumyzda her bir adamda, esasan hem, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmek barada yzygiderli aladalar edilýär. Ýaşlaryň her bir işde dogry ýola ugrukmagy olaryň durmuşynda möhüm ädim bolup durýar. Ýaşlara wagtdan ýerlikli peýdalanmagy öwretmek, bilimiňi, zehiniňi yzygiderli taplamak baradaky düşünjelerini kämilleşdirmek bu ugurda uly ähmiýete eýedir. Munda taryhy we durmuşy wakalaryň, rowaýatlaryň täsiri uludyr. Gündogar halklarynyň arasynda Lukman Hekim ady bilen tanalýan belli akyldar, lukman, alym, filosof Ibn Sina çagalyk döwründen başlap ylmy kitaplary okap, olaryň köpüsini ýatdan öwrenipdir. Ol ýetginjek ýaşlarynda bir hökümdary keselden bejerip, onuň kitaphanasynda az wagtlyk okamaga rugsat alýar. Şonda ol şol gysga wagtda kitaplaryň köpüsini ýatdan öwrenip, töweregindäkileri haýran galdyrýar.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň aladasy bilen ýaş nesilleriň kämil, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, dünýä derejesinde ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil adamlar bolup ýetişmekleri baradaky aladalary netijesinde kabul edilen möhüm ähmiýetli resminamalar irki döwürden başlap, çagany beden, akyl we ruhy taýdan kemala getirmäge, şeýle hem çagalary halkymyzyň milli däplerine we umumadamzat gymmatlyklaryna daýanmak arkaly terbiýelemäge gönükdirlendir. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda üstünlikli durmuşa geçirýän işleri sagdyn, ruhubelent, kämil nesli kemala getirmäge ýardam edýär.
Halkymyz özüniň şöhratly ýolunda terbiýe meselesini hemişe üns merkezinde saklapdyr. Ata-babalarymyz terbiýe meselesine iňňän jogapkärli çemeleşip, ony ýaşlaryň kalbyna ornaşdyrmagy özboluşly ýollaryny tapypdyr. Ahlak medeniýeti bolsa jemgyýetiň hem şahsyýetiň ruhy durmuşynyň aýrylmaz düzüminiň bir bölegidir. Ahlak adamyň özüniň alyp barşyny, gylyk-häsiýetlerini kesgitleýän düzgünlerdir. Ol adamlaryň biri-birine, Watana, halka, jemgyýete, döwlete, maşgala bolan garaýyşlaryny kesgitleýär.
Mahmyt Kaşgarly özüniň edebi döredijiliginiň üsti bilen çagalary terbiýelemekde gadymy mirasy öwretmekde däp-dessurlardan ugur almagy ündeýär. Onuň «Türk dilleriniň diwany» diýen meşhur eserinde terbiýe meselelerine örän uly üns berlipdir. Ýaşlary ahlak taýdan ösdürmek üçin hoşniýetli, ýönekeý, sada, ula hormat goýup bilýän adamlar edip tebiýelemek zerur diýip belläpdir. Terbiýeçiler çagany okatmak bilen bir hatarda, çaga halkyň milli däp-dessurlarynyň aýratynlyklaryny, halkyň taryhyny öwretmeli diýen pikire eýeripdir.
Keý-Kowus hem ahlak meseleleriniň üstünde işläpdir. Muňa onuň «Kowusnama», «Namalar» atly eserleri mysal bolup biler. Özüniň «Ahlak ündewleri» diýen işinde maşgalada çagalara dogry terbiýe bermegiň ýollaryny görkezýär. Ol: «Ata-ene — daragt, çaga — onuň miwesidir» diýip, ata-ene çagasyny nähili gowy görýän bolsa, çaganyň-da öz ata-enesini şonuň ýaly gowy görmelidigini ündeýär. Eserlerde öňe sürlen pikirler biziň günlerimizde hem öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Ýaşlarymyzyň röwşen geljegini berkarar edýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, ähli işleri rowaç bolsun!
Orazguly KAKABAÝEW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň
Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar
Guramasynyň başlygy.