“SPORT-BIZIŇ SAGLYGYMYZ”

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasaty halkymyzyň bagtyýar eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döretmek bilen birlikde ýer ýüzünde abadançylygyň parahatçylygyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrmagyna gönükdirilendir. Bu babatda aýdylanda elbetde  parahatçylygyň ilçisi hökmünde ykrar edilen sportuň eýeleýän orny ähmiýeti ägirtdir. Döwlet baştutanmyz biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň  hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen hoşniýetlik dost-doganlyk ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip dünýä bileleşiginiň bähbitlerine ähli umumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän syýasaty alyp barýarys diýip nygtaýar. Ata watanymyzda ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek ýaramaz endiklerden daşda saklamak milli mirasymyza taryhy geçmişimize söýgi döretmek babatda ähli mümkinçilikleri döredilýär Türkmenistanda sporty ösdürmek bilen baglanyşykly işler giň gerimde rowaçlanýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport desgalary stadionlar atçylyk-sport toplumlar ýöriteleşdirilen sport mekdepleri gurulýar. Gözel paýtagtymyzda özboluşly olimpiýa şäherçesiniň döredilmegi bütin dünýäniň üns merkezinde ornuny tapdy.

 

Aýna HOJAMOWA,

“Demirýollary” AGPJ-niň Magtymguly

adyndaky ilkinji Ýaşlar Guramasynyň

sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

20 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI