«DÜNÝÄNIŇ NAZARY AWAZADA»

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi bilen «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Dünýäniň nazary Awazada» ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 4-8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýeti, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli buýsançly söhbet edildi.

Söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, bu maslahat ýokary derejede guralyp, onuň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýandygyny, şunda köpugurly sergileriň, milli tagamlaryň, dostluk konsertiniň guralmagynyň maslahatyň guramaçylyk derejesine we onuň medeni maksatnamasynyň taýýarlanmagyna hemmetaraplaýyn esasda halkara forumda garalan meseleleriň, kabul ediljek çözgütleriň, oňa gatnaşýan ýurtlaryň durmuş ykdysady ösüşine, halkara derejesindäki söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirjekdigini uly buýsanç bilen bellediler.

Rüstem HOJANEPESOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň uly hasapçysy.

Meňzeş habarlar

08 Awgust 2025 | 16 okalan

«DÜNÝÄNIŇ NAZARY AWAZADA»

07 Awgust 2025 | 49 okalan

ÇAGALAR WATANYMYZYŇ GELJEGI