Bu günki gün gözbaşyny gadymyýetiň köklerinden alyp gaýdýan eziz ata-watanymyz asudalygyň, abadanlygyň, Baky Bagtyýarlygyň, synmaz erkinligiň, bol-elin hem-de eşretli durmuşyň mekanyna öwrüldi. Diýarymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler gönüden-göni il-halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Diýarymyzda gazanylýan ähli üstünliklerde ýaşlarymyzyň saldamly goşantlarynyň bardygy has-da buýsançlydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin döredýän bimöçber tagallalary, uly mümkinçilikleri ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde kämil sowatly bolmaklary, olaryň öz saýlap alan hünärleriniň hakyky ussatlary bolup ýetişmeklerine uly ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara bildirýän uly ynamyny ödemeklik bolsa ýaşlar üçin öňlerinde goýan iň bir mukaddes borçlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz ýaşlarymyz üçin öz sargytlarynda şeýle belleýär. “Her bir adamyň durmuşda öz ornuny tapmagyny , jemgyýetde peýdaly zähmet çekmegini, zähmetiniň hözirini görmegini üpjün etmek baş maksadymyzdyr. Biz sagdyn ,beden taýdan güýçli ,akylly, zehinli ýaşlaryň nesline eýe bolmalydyrys. Diňe şeýle ýaşlar bilen halkymyzyň geljegi bagtly bolar” Gahryman Arkadagymyzyň parasata ýugrulan şu sözleri ýaşlarymyzyň ähli taraplaýyn ösen şahsyýetler bolup ýetişmeklerine oňyn täsir edýär. Häzirki wagtda ýaşlarymyz özleri üçin döredilýän uly mümkinçiliklerden peýdalanyp dünýäniň iň bir ösen ýurtlarynda bilim alýarlar. Öz watanymyzda okap ýören ýaşlarymyz hem daşary ýurtlara gidip okuw tejribeligini geçirýärler. Häzirki wagtda okamaklyga, öz saýlap alan hünäriňe eýe bolmaklyga, döretmeklige ähli ýollaryň açyklygy Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar üçin edýän tagallalarynyň ummasyzlygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýaşlar hem öz gezeginde okamaga işlemäge döretmäge döredijilikli zähmet çekmäge öz saýlap alan hünäriň eýesi bolmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýtýarlar.
Orazgül ÇARYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher
Geňeşiniň Umumy bölüminiň
esasy hünärmeni.