BITARAPLYK-BAGTYMYZ

Asyrlar boýy öz milli döwletini gurmagy arzuwlap gelen we bu gün hakykat ýüzünde özbaşdak Bitarap, Garaşsyz döwletiň eýesi bolan türkmen halky hormatly Prezidentimiziň daşyna berk jebisleşip, mukaddes watanymyzyň geljegi üçin halal zähmet çekýär. Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň ähli ugurlarynda belent ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşlar-biziň gelejegimizdir, Gelejekde eziz watanymyzyň ösüşi, gazanjak üstünlikleri we bütin dünýäde halkara abraýy Ýaşlara baglydyr”- diýen ganatly sözlerinden ugur alyp, Ýurdumyzyň belent maksatlaryny amala aşyrmakda joşgunly güýje eýe bolan ýaşlarymyzyň durmuşyndaky  taryhy wakalaryň ähli pudaklardaky buýsançly başlangyçlar bilen utgaşmagy halkymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrýar. Täze döwürde ýaş nesilleriň hukuk binýadyny berkitmek, kämil ylymly hem-de milli ruhumyza laýyk edep-terbiýeli bolmagyny gazanmak, olar üçin döredilýän ähli taraplaýyn mümkinçilikleri we şertleri mundan-da giňeltmek ýaly meseleler hem döwletimiziň ileri tutýan wezipeleriniň hatarynda durýar. Döwletimiz tarapyndan edilýän bimöçber tagallalaryň we durmuşa geçirilýän ummasyz işleriň miwesi hökmünde ýurdumyzyň gelejegini gurujylary bolan, ýaş raýatlarymyzy aýratyn alada bilen gurşolup alnandygy buýsandyrjy hakykatdyr. Diýarymyzda ýaşlarymyzyň bilim almagy, hünär edinmegi, zähmet çekmegi, dynç almagy, beden we ruhy taýdan ösmegi üçin ähli şertler döredilendir. Çünki Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, uzak möhletleýin maksatlarymyzyň amala aşmagy, umuman, ýurdumyzyň geljekki ykbaly ylym-bilimli, sagdyn, döwrebap, watançy ýaşlara baglydyr. Arkadagly Serdarymyzyň oýlanyşykly daşary syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň halkara abraýy barha belende galýar. Ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredip, dünýä ýurtlary we halkara guramalary bilen dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklary alyp barýar, hemişelik  Bitaraplyk biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halkara bagtyýarlygy çagyrýan hem – de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Bu gün ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmakda gazanylýan uly üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we umumy adamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar. Ýurdumyz dünýäniň ençeme abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli ýakyn hyzmatdaşlyklary alyp barýar. Şunlukda, Türkmenistan häzirki wagtda dünýä ýurtlary bilen syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde gelejegi uly bolan hyzmatdaşlyklary ýola goýdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň      hem-de  dünýä jemgyýetçiliginiň biragyzdan goldamagynda, içeri we daşary syýasatyň esasy özeni bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan döwleti bu gün ösýär, özgerýär we dünýäde öz mynasyp ornuny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasly syýasatyndan gözbaş alýan hemişelik Bitarap Türkmenistan sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmegiň, durnuklylygy gorap saklamagyň meseleleri boýunça öz tekliplerini halkara jemgyýetçiligine aýan edýär. Dünýä jemgyýetçiligi bilen sazlaşykly alnyp barylýan şeýle işler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň şöhratly ýollaryndan bagtyýar ertirine tarap aýgytly gadamlar bilen barýan halkymyzyň milli bähbitleri bilen birlikde, bütin adamzadyň eşretli ýaşamagynyň aladasyna ýugrulan, dünýäni ynsan isleglerine laýyk ösdürmek barada teklipleri öňe sürmäge ukyplydygyny aýan etdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Garaşsyz döwletimize hoşmeýilli, ynsanperwer daşary syýasatyny, dünýä ýurtlary bilen parahatçylykly, dost – doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde işjeň, oňyn ugruny ýöretmek üçin giň mümkinçilikler açýar. Güneşli Diýarymyzda gurulýan täze – täze desgalar, saglyk we medeni dynç alyş merkezleri, sport toplumlary, ylym – bilim ulgamyndaky özgertmeler täze obalar, şäherler  Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň baş alamatlarydyr. Biz bu gün beýik we bagtyýar döwürde ýaşaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, Hormatly Prezidentimiziň saýasynda, Türkmenistan döwletimiz ösüşiň milli ruha laýyk gelýän dünýä nusgalyk ýoly bilen öňe ilerleýär. Şeýle beýik döwürde ýurdumyzyň halkara abraýyny barha belentlere göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, il – ýurt  bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!

 

Altyn DURDYÝEWA,

TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

20 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI