Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz üstünliklere beslenýär. Gazanylýan üstünlikleriň arkasynda Hormatly Prezidentimiz “Watan diňe halky bilen watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýen ajaýyp sözleri häzirki döwürde üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz özüniň beýik başlangyçlarynyň many-mazmunyny beýan edip, şeýle diýýär: “Meniň bar aladam halkyma hyzmat etmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, men öz halkymyň öňündäki borjumy raýatlarymyzyň abadan we parahat durmuşyna ynamly bolmagy üçin ähli şertleri döretmekde, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny pugtalandyrmakda mähriban, Watanymyzy gülledip ösdürmekde görýärin” diýen ynsanperwer syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimizde ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyz Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar ösýär we özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap ylymly bilimli bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyz “Ýaşlar biziň gelejegimizdir” diýip belläp geçýär. Onuň üçin Türkmenistanly ýaşlar Hormatly Prezidentimiziň paýhasly sargytlaryny ak ýürek bilen kabul edýärler we ýerine ýetirýärler. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap ylymly bilimli bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde häzirki wagtda Baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary ulydan bellenilip geçilýär. Şeýle baýramçylyk dabarasy mynasybetli Büzmeýin etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda “Bagt güli” toý mekanynda etrabyň çäginde zähmet çekýän ýaşlaryň we bilim alýan talyplaryň gatnaşmagynda “Garaşsyzlyk guwanjym – Bitaraplyk buýsanjym” atly şygar astynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy bellenilip geçildi.Bu baýramçylyk dabarasynda “Serpaý” döredijilik toparynyň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde aýdymlar aýdyldy we tans toparlarynyň tanslar ýerine ýetirildi. Çykyşlaryň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolup belent başynyň aman bolmagyny beýik biribardan dileg etdiler.
Humaý ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.