Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2022-nji ýyl “Halkyň Arkadagly Zamanasy” ýylynda Dostlukly hyzmatdaşlyk rowaçlanýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde dostlukly ýurdyň Milli Assambleýasynyň başlygy Kim Jin-Pýo bilen geçiren duşuşygynda meýilleşdirilen meýilnamasy barada ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen ýokary okuw jaýynda bilim alýan talyplaryň gatnaşmagynda “Dostlukly hyzmatdaşlyk rowaçlanýar” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Watan üçin amala aşyrylýan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ösüşleri ýaşlaryň durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertirki ýurdymyzy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasly, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy täze taryhy döwrüň mysalynda öz synmaz ornuny tapýar. Soňky ýyllarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň depginli ösüşi iki ýurduň köpugurly ykdysady hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmagy ugur edinýändikleri bilen şertlendirilendir. Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmen-koreý dostlukly gatnaşyklarynyň häzirki döwürde yzygiderli berkeýändigini we ýurdumyzyň senagatnyň dürli ugurlary boýunça gazanylýan ylalaşyklar, geçirilýän duşuşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr diýip maslahatda bellenilip geçildi. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň ähmiýeti, onuň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalanýar. Häzirki döwürde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine we Bitaraplyk derejesine esaslanýan Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen özara bähbitli, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýlan we hyzmatdaşlyk üçin açyklygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry höküminde kesgitlenendir. Çykyş soňunda Garaşsyz Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan, hususan-da ýaşlar barada durmuşa geçirýän toplumlaýyn işleri üçin Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.
Aýnagözel ORAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.