WAGYZ NESIHAT ÇÄRESI

Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki daşary syýasy üstünlikleri hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň oňyn tejribesine ilkinji nobatda, Bitaraplyga we öňüni alyş diplomatiýasyna bolan gyzyklanmalaryň ýokarlanmagyna getirdi. Türkmeniň aň-düşünjesine  şanly Garaşsyzlyk, baky Bitaraplyk hemişelik ornady. Şonuň üçinem bir agza bakýan  türkmen  şanly Garaşsyzlykdan soňra milletimiziň   gazanan ýene bir arzyly binýady baky Bitaraplyk  diýip hasap edýär. Halkymyz Halkara Birleşigine goşulmagyň tyllaýy açarynyň parahatçylyk söýüjilikden, asudalykdan, milletiň arasynda ynam köprisini berk gurnamakdan, ysnyşmakdan emele  gelýändigine birkemsiz göz ýetirdi. Özüniň hoşniýetli häsiýetlerine  ata-baba wepalylygyny iş ýüzünde subut etdi. Bitaraplyk derejesini  almagymyza-da giň ýol açdy.1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-sinde 185 döwletiň ses bermegi bilen, Garaşsyz döwletimize Bitaraplyk derejesi berildi. Şonuň üçinem biz bu günki bagtyýar zamanamyzda: “Dünýä Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen  ilkinji Bitarap  döwlet – bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr!” diýip seslenýäris. 12-nji dekabryň bütin dünýäde «Halkara Bitaraplyk» güni hökmünde giňden bellenilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny ýene-de bir gez beýgeltdi. Çünki biziň ata Watanymyz - eziz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitarap döwletdir. Bu gün türkmen topragynda baky Bitaraplygyň 27 ýyllyk toýy uly dabara bilen bellenilýär. Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan birnäçe  medeni-köpçülikleýin  baýramçylyk çäreleri bellenip geçilýär. Ine, şol çäreleriň biri hem Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň gurnamagynda “Bitaraplyk ösüşleriň özeni” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

 

Ogulbibi MESKUTOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Köpetdag etrap Geňeşiniň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

20 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI