MILLI AÝRATYNLYKLARYMYZ – TÄZE ÖWÜŞGÜNLERDE

Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda, toplumyň Tikin fabriginiň çäklerinde fabrigiň zähmetkeş ýaşlarynyň gatnaşmagynda milli mirasymyz we ony döwrebaplaşdyrmak maksady bilen «Milli aýratynlyklarymyz – täze öwüşgünlerde» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda ýurdumyzda ynsanperwer içeri we daşary syýasaty alyp barmak bilen örän uly üstünlikleriň gazanylýandygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy yzygiderli ýagdaýda bazar ykdysadyýetine çykarmak, dürli pudaklarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän iň kämil tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary hilli önümleri öndürip, dünýä derejesine çykarmak babatdaky asylly başlangyçlarynyň uly ösüşlere eýe bolýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Häzirki wagtda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde Aşgabadyň dokma toplumy ýokary hilli nah hem-de sütükli matalardan öýde ulanylýan dokma önümlerini yzygiderli öndürýär. Ýurdumyzda öň öndürilmedik önümleri çykarmaga gönükdirilen senagat önümçilikleri pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmak maksatlaryna hyzmat edýär diýip belläp geçdiler.

Toplumda öndürilýän önümleriň has-da ýokary hilli, döwrebap we milli öwüşgünler bilen bezelmegi bolsa ýurdumyzyň şöhratyny we at-abraýyny barha artdyrýar diýip, buýsanç bilen nygtadylar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwletimizi ösüşlerden ösüşlere alyp barýan, dokmaçylara zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan dünýä nusgalyk beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Uzukjemal GARAGULYÝEWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly

adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

15 Awgust 2025 | 26 okalan

AŞGABADYŇ GUJAGYNDA