“TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WATANY” ATLY FOTO BÄSLEŞIGINIŇ JEMI JEMLENDI

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, döwrebap žurnalistikany ösdürmek, hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 23-nji fewralynda hem-de 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda internet žurnalistikasyny, fotožurnalistikany ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek, talyp ýaşlarda öz hünärine bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň, şeýle hem “Salam” hojalyk jemgyýetiniň (“salamnews”) bilelikde guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Türkmenistan – parahatçylygyň Watany” atly fotožurnalistika bäsleşigi yglan edildi.

2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen “Türkmenistan — parahatçylygyň Watany” atly foto bäsleşiginiň jemleri jemlendi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Şeýle-de bäsleşige işjeň gatnaşan talyplara höweslendiriji baýraklar berildi.

 

Annamuhammet HUMMEDOW,

TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň

Berkararlyk etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

20 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

20 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI