Garaşsyz Watanymyzda adam saglygy hakynda alada hemişe ilkinji orunda durýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň her bir raýatynyň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy barada gije-gündiz alada edýär. Ynsan saglygy bilen bagly meseleler Gahryman Arkadagymyzyň döredijiliginde hem esasy orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan dörän “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar”, “Çaý – melhem hem ylham” ýaly ençeme eserleri ynsan saglygyny berkitmekde hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde ajaýyp eserlerdir. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Ýurdumyzyň ähli künjeginde häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen hassahanalar, saglyk öýleri, saglygy dikeldiş merkezleri gurulyp, halkymyza hyzmat edýär. Etrabymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimizde ornaşdyrmakda ýaşuly nesliň wekilleriniň, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda yzygiderli wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri Garagum etrabynyň 23-nji orta mekdebinde okuwçy ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Sagdyn nesil-sagdyn jemgyýet” ady bilen geçirildi. Türkmenistan döwletimiziň beýik geljegini üpjün etmekde ýaş nesliň öňünde durýan mukaddes borçlar dogrusynda çuňňur mazmunly bilim terbiýeçilik, wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli guralmagy olary ata Watanymyzy, mukaddes topragymyzy, merdana we agzybir halkymyzy, hormatly Prezidentimizi ak ýürekden söýmäge, hormatlamaga, halal ýaşamaga we yhlasly okamaga çagyrýar. Häzirki wagtda umumbilim berýän mekdeplerde ýaş nesle döwrebap bilim terbiýe bermek, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamakda esasy ugurlaryň biri bolan çagalaryň ruhy saglygyny gazanmak, olaryň beden saglygyny we ruhy belentligine berilýän üns has-da güýçlendirilýär. Çünki bedeniň saglygy ruhubelentligiň girewidir. Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzda ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşy hem geljegi barada bimöçber alada edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Ogulbagt AMANMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň sanly ulagam
boýunça esasy hünärmeni.