Ene gujagyna meňzedilýän sallançagyň döreýiş taryhy gadymy döwürlere uzaýar. Ol bäbekleriň rahat uklamagy üçin oýlanyp tapylandyr. Ilki-ilkiler balasyny ýatyrmak islän ene ony gujagynda ikibaka yralapdyr. Iki aýagyň üstünde ýassyk goýup, çagajygy yralap ýatyrma endigi-de şondan gözbaş alyp gaýdýar. Aslynda şol wagtlar çagany rahatlandyrmak üçin şuňa meňzeş dürli usullara ýüzlenipdirler. Bu gündogar halklaryna mahsus häsiýet. Irki döwürler sallançaklar öýde iki tarapa ýüpli çekilen matalardan ýasalypdyr. Soňra oňa ýörite ýüp bilen bag edilip, ony çekmek arkaly üwrelipdir. Bagly sallançaklar gündogar halklarynda has köp ulanylypdyr. Sallançaklar wagtyň geçmegi bilen, dürli şekile giripdir. Onuň keşbinde, reňkinde, nagyşlarynda balajyga bolan ýagşy umyt-arzuwlary aňlatma däbi peýda bolupdyr. Sallançagyň owadan, gelşikli bolmagy, ykjam durmagy üçin hökman ähli agzalaryny ýerbe-ýer oturtmak gerek. Bezeg işleriniň has göze ýakymly bolmagy üçin oňa täzeçillik bilen seredilip ugralypdyr. Muňa türkmen halkynda has-da üns berilýär. Sallançagyň ýokarsyndaky goçuň şahy ýaly bolup burmalanyp duran nagyşlar nepisligi we ýagşy niýetleri özünde jemleýänligi bilen tapawutlanýar. Olar “Tawus ýelek”, “Şa goçak” ýaly atlandyrylypdyr. Öňler sallançaklar birsydyrgyn gök reňkde bolupdyr, emma häzirki wagtda köp öýlerde ak reňkli sallançaklar duş gelýär. Ýagşy ynanja görä, gözden-dilden goraýjylyk üçin alaja sallançagyň esasy hemrasydyr. Il içinde ynanja görä: “Ilkinji doglan çaganyň özüne niýetlenip sallançak alynýar. Soňky doglan çagalar ilkinji çaganyň sallançagyna salynýar. Şol sallançak hem çagalaryň ählisini ulaltsa gowy görülýär. Ata-babalardan galan ýörelgä görä, sallançagy hiç kime başybitin bermek bolmaýar. Çagany sallançaga ilkinji gezek mamasy ýa-da enesi salyp, üwräp başlamaly. Soňra çagalara süýji paýlap, agyzlaryny süýjetseň, süýji dilli bolarmyş” diýilýär. Şeýle asylly däpler türkmençilikde asyrlarboýy ýöredilip gelýär. “Sallançak” sözüniň döreýiş manysy “sallanmak, yramak, yrgyldatmak, üwremek, uçurmak, allalamak” ýaly işlik sözünden oýlanyp tapylypdyr. Maşgala diýilende, ilki bilen mukaddes ojak, akja bäbek, şol ojagyň törüni bezeýän ajaýyp sallançak göz öňüňe gelýär. Şeýle sallançaklar hem Mary welaýatynyň Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy Orazdurdyýewalaryň maşgalasynyň törüni akja bäbejik bilen bezeýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi hem-de etrap häkimligi, etrap Zenanlar birleşigi, etrap bilim bölümi, etrap medeniýet bölümleriniň bilelikde gurnamagynda Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy Orazdurdyýewalaryň maşgalasynda “Balalaryň söýeni, eneleriň geregi” ady bilen teleýazgy çäresi geçirildi. Bu çärede Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, Ýolöten etrap häkimliginiň hünärmeni, Zenanlar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Oguljennet Baýhanowa, Ýolöten etrabynyň Älemgoşar çagalar ýetginjekler gurnagynyň gurnak ýolbaşçysy, Ilkinji ýaşlar guramasynyň agzasy Ýazjahan Allaberdiýewa dagylar gatnaşdylar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda sallançaklarynyň bady ýatmasyn! Asuda we abadan günleriň gujagynda her öýde çaga sesi ýaňlanyp dursun!
Uzukjemal ÖMÜROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.