“ÝAŞLAR-TÜRKMEN JEMGYÝETIŇ YGTYBARLY HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI”

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ata Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Islendik döwletiň kuwwaty ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Beýik Watanymyzyň berkararlygy, güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi her bir türkmen ýigidiniň we gyzynyň biliminde, şahsyýet hökmünde kämilliginde jemlenendir» diýip örän jaýdar belläp geçýär. Munuň özi bolsa ýaşlaryň bilimde, ylymda, zähmetde ukyp-başarnygyny görkezmäge bolan höwesiniň artmagyna esasy itergi berýär.

 Mälim bolşy ýaly, häzirki taryhy zamanada ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, öz halkynyň taryhyny, medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler görülýär we bu işler döwlet tarapyndan goldanylýar.

 Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriniň Meýilnamasyndan ugur alyp Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, welaýat kitaphanasy bilen bilelikde “Ýaşlar-türkmen jemgyýetiň ygtybarly hereketlendiriji güýji” ady bilen welaýat kitaphanasynyň muzeýine gezelenç çäresini gurnady. Guralan gezelenje Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň öňdebaryjy işgärleri hem-de işjeň agzalary gatnaşdylar. Ýaşlaryň arasynda milli mirasymyzy, gadymy däp-dessurlarymyzy wagyz etmek hem-de olaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen guralan bu gezelenç ýaşlarda uly täsir galdyrdy.Gezelenjiň ahyrynda Watany söýmegiň we ony mukaddeslik derejesinde sarpalamagyň belent nusgasyny görkezýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýdyldy.

 

Annamuhammet BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI