ÝAŞLAR-BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ata Watanymyz uly üstünliklere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň  Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini Arkadagly Serdarymyz üstünlikli dowam edýär.

Ýakynda, 2022-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi we bu mejlisden gelip çykan wezipeleri ýaşlaryň arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi Mary welaýat kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda “Ýaşlar biziň geljegimizdir” ady bilen welaýat kitaphanasynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Geçirilen wagyz-nesihat çäresine Ýaşlar guramasynyň hem-de welaýat kitaphanasynyň öňdebaryjy işgärleri hem-de TMÝG-niň Ilkinji guramalarynyň  işjeň agzalary gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresini Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow alyp bardy. Ol Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň mekany hökmünde at-owazasy älem jahana dolan ýurdumyzda umumadamzat bähbitli möhüm başlangyçlaryň  rowaç tapýandygy barada gürrüň berdi. Soňra çärä  gatnaşyjy myhmanlar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçendigi hem-de “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda  “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” laýyklykda iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç bilen bellediler.

Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler belentden ýaňlandy.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI