Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döredilen Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän, goldanylýan howandarlyga mätäç çagalara hemmetaraplaýyn goldaw berýän gaznanyň işi ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýändiginden habar berýär. Hakykatdan hem, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren asylly ýörelgeleri häzirki zamanyň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändigi guwandyryjy wakadyr.
Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň golaýda geçiren Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Şu nukdaýnazardan hem ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň golaýda geçiren Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisinden gelip çykýan wezipelerden ugur alyp, olary ýaşlara giňişleýin ýetirmek we olaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi, TKA-nyň Tagtabazar etrap birleşigi bilen bilelikde etrap Medeniýet öýünde “Gahryman Arkadagymyzyň sargytlary türkmen ýaşlaryna ýörelge” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny gurnady. Duşuşykda çykyş edenler, gazna tarapyndan howandarlyga mätäçlere berilýän goldawlaryň agzybirligiň nyşanydygy barada buýsanç bilen bellediler. Maslahatyň soňunda çärä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza soňsuz alkyşlar aýtdylar.
Maral SEÝITJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Tagtabazar etrap Geňeşiniň başlygy.