“MIRASYM-ALTYN HAZYNAM”

Halk umman ýaly giň. Ol özünde ümmülmez hazynany jemleýär.

Hawa, has çuňluklardan gaýdyp, döwürleri aşyp gelýän halkyň döreden eserleri şu günlerimize çenli öz gymmatyny ýitirmän, gaýtam, kämilleşip biziň durmuşymyza, nesillerimiziň terbiýesine öz oňyn täsirini ýetirip gelýär. Ynsanyň döreden zatlaryna gözümiz öwrenişen hem bolsa, ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz tarapyndan biziň şu günümize ýetirilen gymmatlyklarymyz türkmen halkynyň näderejede zehinli bolandygyny açyk-aýdyň görkezip dur. Irki döwürde atalarymyz ýokdan bar edip, hojalygyna, durmuşyna gerek zatlary, ähli gurallardyr esbaplary elde ýasap, ussaçylygyň aýratyn nusgasyny döreden bolsalar, enelerimiz öý-ojaklarynyň içini-daşyny güle besläp, mahlasy, çeper ellerinden çykan nepislikleri bilen gaýtalanmajak ajaýyp sungaty döredipdirler.

Türkmen halkynyň ak öýüni alyp göreliň. Ýelden-günden, yssydan-sowukdan goranmak üçin, türkmen aga ony şeýle bir rejeli oýlap tapypdyr welin, dünýäniň men diýen ussalaryna “gaýry dur” diýdirýär. Gelin-gyzlarymyz bolsa, ak öýüň içini nepis halylardan doldurypdyrlar. Ynha, gapysyndan ätläp girersiň welin, lowurdap duran çog gyzyl halylara, çuwaldyr torbalara gözüň düşer. Bu günki gün şol ak öýlerimiziň ornuny köşk ýaly belent jaýlarymyz tutýan hem bolsa, adamlar öz ýaşap oturan jaýlarynyň gapdalyndan, howlusynda ak öý dikýärler. Eýsem-de ene-mamalarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan keşdeçilik, halyçylyk sungatlarynyň hem ýokary derejede ösendigini, olaryň biziň günlerimize eli çeper gelin-gyzlarymyz tarapyndan dowam etdirilip, goraglanyp ýetirilendigi taryň sahypalarynda öz beýanyny tapýar. Milli gymmatlyklarymyz ene-mamalarymyzdan bize galan mirasdyr. Ajaýyp döwrümizde taryhy asyrlaryň jümmüşinden gaýtýan halkymyzyň  gymmatly mirasyny dikeltmek, gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek, milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy yzygiderli ösdürmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär.  

Ýakynda Garagum etrabynda ýerleşýän “Bagtyýar türkmen” toý mekanynda Garagum etrap häkimliginiň, etrabyň Zenanlar we Ýaşlar guramalarynyň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamagynda milli mirasymyzy dikeltmek we ony wagyz etmek maksady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. “Mirasym-altyn hazynam” ady bilen geçirilen çärede etrap medeniýet bölüminiň taýýarlan milli mirasymyzy wasp edýän folklor çykyşlary ýerine ýetirildi. Şeýlede çärede türkmen halkynyň milligini wasp edýän sergi gurnalyp, ene-mamalarymyzdan galan milli el işleri ýerine ýetirilip görkezildi. Çäräniň ahyrynda medeniýetimizi we sungatymyzy giňden öwrenmek-de ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýdyldy.

 

Ogulbagt AMANMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Garagum etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI