BITARAPLYK-DILLERIMIZIŇ DESSANY

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp, ymykly ösüşiniň ýoluna düşdi. Şu ajaýyp ýolda Gahryman Arkadagymyzyň beýik ýörelgelerine eýerýän Arkadagly Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen halkymyz uly joşgun, belent ruh bilen döredýär, gurýar. Her bir ynsanyň  durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we umumyadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.

Türkmenistan halkara  derejesinde ykrar edilen syýasy, hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dünýäde deňi-taýy ýokdur. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzyň hemişelik Bitaraplyk baýramyna barýan şu ajaýyp günlerinde ýurdumyzyň ähli ulgamynda ýetilen belent sepgitler buýsanjyňy goşalandyrýar. 27 ýyl bäri diňe beýik işler bilen dabaralanyp gelýän ýurdumyzda bu gün halkymyz bir maksada, ýagny agzybirlik maksadyna gulluk edýär. Agzybirlik bolsa bizi ajaýyp üstünliklere, ösüşlere, abraý-mertebä ýetirýär. Döwletlilik agzybirlikden başlanýar. Agzybirligiň bar ýerinde ýetilmejek menzil ýokdur. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli Ýolöten etrabynyň Medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, Mary welaýat häkimliginiň Ýolöten etrabyndaky hünär-tehniki okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Bitaraplyk-dillerimiziň dessany” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu dabarada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Maýa Hümmedowa, Ýolöten etrap hassahanasynyň lukmany Maýa Orazowa, Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Jumanazar Jumamyradow etrap medeniýet bölüminiň aýdym saz topary işjeň gatnaşyp çäräň dabarasyna görk goşdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň  daşyna jebisleşip, parahat ýurdumyzda toý toýlamak iň uly bagt.

Goý, halkymyzy bir saçaga jem eden, ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!

 

Maksat ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI