Dutar-syrly senet

Bedew bady bilen öňe barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň menzilleri rowaçlanýar. Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça düýpli ösdürmek, halkymyzyň aýratyn hem biz ýaşlaryň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmek, mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny belende götermek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda, medeniýetimize, sungatymyza, milli senetçiligimize aýratyn sarpa goýulýar.

Bilşimiz ýaly, dünýä halklarynyň içinde türkmen halkymyz özüniň baý medeni mirasy, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen adamzat taryhynyň ösüşine önjeýli goşant goşan milletleriň hatarynda durýar. Nepis türkmen halylary, ajaýyp ahalteke bedewleri, wepaly alabaý itleri, amaly-haşam we zergärçilik önümleri, aýdym-saz sungaty bularyň ählisi ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçirip gelen beýik senetleridir.

Hakykatdan hem, türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri senetçiligiň, ussaçylygyň we sungatyň mekany bolup geldi. Halkymyzyň dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty hem medeni mirasymyzda uly orun aldy. Dutar müňýyllyklaryň dowamynda türkmeniň durmuşynyň aýrylmaz bölegine, ruhy syrdaşyna öwrüldi.

Dutaryň döreýşi barada şeýle rowaýat hem bar. Ir wagtlar ady rowaýata öwrülen  Kaknus diýen guş bolupdyr. Ol örän owadan sesi bilen, adamlaryň göwnüni açypdyr. “Kaknus guşuň owazy” diýen gadymy saz hem şondan döräpdir. Günleriň bir güni ýurduň patyşasy keselläpdir. Göripler hökümdara Kaknus guşunyň etini iýmegi maslahat beripdirler. Patyşa guşuň kellesini iýip, gutulypdyr. Şeýlelikde, aý aýlanyp günler geçen-de, guşuň owazyndan mahrum bolan adamlaryň arasyna sussupeslik we göwnüçökgünlik aralaşypdyr. Muny aňan hökümdar ussa baryny ýygnap Kaknus guşuň owazyny gaýtalaýan saz guralyny ýasamagy tabşyrypdyr. Muny ussalar başarmandyrlar. Gezek Babagammara gelende, şol guşuň kellesini bir göräýsem diýýär we ol ony görüp, hakykatdan hem, Kaknus guşuň kellesine meňzäp duran dutary ýasaýar. Şondan soň, ol dutaryň piri hasaplanýar.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň dekabr aýynda dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu hoş habar biz ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Çünki, her bir halkda bolşy ýaly, türkmen halkynyň hem aýdym-saz sungatynyň ösüş taryhy, özboluşly ýollary, sütün-sütün halypalaryň döreden gorlary bar. Şükür bagşy, Çuwal bagşy, Kel bagşy, Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew, Nobat bagşy, Ödenyýaz Nobatow, Sahy Jepbarow ýaly ägirtleriň elinde saýran türkmen dutary bu gün dünýä ýüzünde parahatçylygyň, dost-doganlygyň nyşany bolup ýaňlanýar.

Türkmeniň mukaddes sungatynyň ýeten bu beýik  derejesiniň Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen medeniýeti”, “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy-dostluk, doganlyk sazy” ýaly eserlerinde hem giňden waspy ýetirilýär.

Türkmen halkyny şeýle buýsançly döwürde ýaşadýan Arkadagly Serdarymyza alkyşymyz çäksizdir.

 

Şöhrat GELDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň

3-nji ýyl talyby, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI