Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistan döwletimiziň ýöredýän hoşniýetli, ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bu günki gün dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy onuň dünýä döwletleriniň arasynda halkara abraýyny has-da artdyrdy.
Ýakynda, Halkara Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşi, Baýramaly etrap Merkezi kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda “Jahana keşt edýär türkmeniň ady, Bitaraplyk-ösüşleriň binýady!” ady bilen etrap Merkezi kitaphanasynda söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Geçirilen duşuşyga Ýaşlar guramasynyň, etrap Merkezi kitaphanasynyň öňdebaryjy işgärleri hem-de TMÝG-niň Ilkinji guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Söhbetdeşlik duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň başlygy Hojamyrat Akmyradow alyp bardy. Ol Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ata Watanymyzyň daşary syýasatynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga uly üns berilýändigi we Bitaraplyk syýasatymyzyň barha rowaçlyklara beslenýändigi barada gürrüň berdi. Soňra çärä gatnaşyjy myhmanlar Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny pugtalandyrmakda parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde, halkara bileleşigiň ynsanperwer tagallalarynyň üstünlikli amala aşyrýandygyny buýsanç bilen bellediler. Duşuşygyň dowamynda Halkara Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli öňdebaryjy ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Söhbetdeşlik duşuşygyň ahyrynda halkymyzy bir saçaga jem eden, ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler belentden ýaňlandy.
Maksat KERIMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly
etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.