Ene-mamalarymyzdan miras galan naýbaşy keşdeçilik sungaty özüniň gözelligi, nepisligi bilen bu gün dünýäň ýüzüni haýrana goýýar. Türkmen milli el işleriniň biri hasaplanýan keşdeler gadym döwürlerden bäri kämilleşip biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Türkmen tebigatynyň bahar paslyndaky görküne çalym edýän bu milli senet zenanlarymyzyň asylly häsiýetlerini, zehinini görkezýär. Keşde sungaty-zenanlaryň köňül ýaýlasydyr. Türkmen zenanlaryna mahsus bolan näziklik, mähirlilik, gözellik, asyllylyk ýaly häsiýetleriniň ählisi bu sungatda jemlenendir. Keşdeçilik sungaty milli medeni-mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň däplerini özboluşly şöhlelendirýär. Türkmen halkynyň keşdelerinde ýerleşdirilen dürli reňkdäki owadan nagyşlarda türkmen tebigatynyň ajaýyp keşbini göz öňüne getirýär. Owadan el işlerini synlanyňda, türkmen halkynyň millilik ruhuny duýmak bolýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi, H.Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň 15-24-nji bendini durmuşa geçirmek, ýaşlaryň arasynda milli medeni-mirasymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen talyp gyzlaryň arasynda “Gözellik dessany milli keşdeler” ady bilen üme çäresini gurnady. Gurnalan bu döredijilik çäresinde talyp gyzlar ussatlyk bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, bagtyýar ýaşlygy we el-işlerini wasp edýän aýdymlary, läleleri, öleňleri, goşgulary we küştdepdileri ýerine ýetirdiler. Çäräniň dowamynda talyp gyzlar milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen milli nagyşlarymyzyň, keşdelerimiziň, türkmeniň buýsanjy bolan el halymyzyň ýetine ýetirilişindäki dürli inçe syrlaryny ýerine ýetirdiler.
Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy giňden öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdyldy.
Annagözel SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.