“BITARAP DIÝARDA BERKARARLYK WASPY- DILLERDE DESSAN”

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp, ösüşiň ajaýyp ýoluna düşdi. Şu ajaýyp ýolda Gahryman Arkadagymyzyň beýik ýörelgelerine eýerýän Arkadagly Serdarymyzyň  baştutanlygynda mähriban halkymyzyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda halkymyz hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri, uly toý-dabara, belent joşgun bilen barýar.

Bitaraplyk- halkara hukugynda giňden ýaýran bu düşünjäniň aňrysynda uly many bar. Taryhyň dowamynda ençeme kynçylyklary başdan geçiren adamzat jemgyýeti bu günki gün ählumumy abadançylyga hem-de parahatçylyga naýbaşy gymmatlyk hökmünde garaýar. Bu ugurda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň eýeleýän orny, öňe sürýän başlangyçlary, durmuşa geçirýän işleri hem dünýä nusgalykdyr.

Şu gün, Arkadagly Serdarymyzyň bu asylly ýörelgelerine eýerip, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň joşgunly owazyny wasp etmek, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmak, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde zehin başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi welaýatymyzyň ýörite orta we hünär okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda “Bitarap Diýarda Berkararlyk waspy- dillerde dessan” atly döredijilik bäsleşigini geçirdi. Bäsleşikde talyp ýaşlar jemi 4 şert boýunça özara bäsleşdiler. Emin agzalaryň beren adalatly netijeleri boýunça ýeňiş gazanan talyp ýaşlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi tarapyndan hormat hatlar hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Bäsleşigiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler belentden ýaňlandy.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI