“GARAŞSYZLYK GUWANJYM-BITARAPLYK BUÝSANJYM”

Türkmenistan döwletimiziň ýöredýän hoşniýetli, ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bu günki gün dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy onuň dünýä döwletleriniň arasynda abraýyny has-da artdyryp, Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplygy Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygyň berkemegine, döwletara gatnaşyklarynyň, ähmiýetli hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna we ösmegine getirdi. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Bitaraplyk, parahatçylyk, ylalaşdyryjylyk syýasatyny dowam etdirip, bu ugurda bitirýän işleri, gazanýan üstünlikleri bilen halkara abraýyny barha artdyrýar. Şeýle ajaýyp pursatda Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ata Watanymyzyň baş baýramyny il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda giňden belläp geçmeginiň özi döwletlilikden, bagtyýarlykdan alamatdyr. Bu baýram halkymyzy ösüşiň we rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyryp, kalplara joşgun berýär.

 Ýakynda, Halkara Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşi, Baýramaly şäher häkimligi bilen bilelikde gurnamagynda Baýramaly şäher Medeniýet merkezinde “Garaşsyzlyk guwanjym-Bitaraplyk buýsanjym” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Geçirilen baýramçylyk çäresine Baýramaly şäheriniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar, talyplar, mährem eneler hem-de ýaşulular gatnaşdy.

Baýramçylyk çäresinde türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýandygyny ýerine ýetirilen aýdymdyr-tanslaryň üsti bilen beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda, halkymyzy bir saçaga jem eden, ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna buýsançly alkyşlar belentden ýaňlandy.

 

Baýramgeldi GAÝYPOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Baýramaly şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI