Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň ösdürilmegi, oňa halk köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Şeýle işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy, ýurdumyzda ýene bir ýola köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň belent derejelere çykmagyny şertlendirýär. Geljegimiz bolan ýaşlaryň beden we ruhy sagdynlygy hakyndaky döwlet derejeli aladalar ýurdumyzda ynsan durmuşynyň ähli ugurlarynda aýdyň ýüze çykýar. Netijede, ýaşlaryň ylymly-bilimli, beden taýdan berk, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, öz saýlap alan hünärlerinden ezberlik bilen baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda uly tagallalaryň edilýändigi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.
Şu nukdaýnazardan, şugün Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp, ýaşlary giňişleýin sporta çekmek, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, gujur-gaýratly bolmaklaryny gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň 9-njy orta mekdebinde “Sagdyn nesil-kuwwatly Watan!” ady bilen sportuň küşt we şaşka görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige şol mekdebiň ýokary synplarynda okaýan mekdep okuwçylary gatnaşyp, olar öz aralarynda küşt we şaşka oýnamak boýunça bäsleşdiler. Ýeňiji bolan okuwçy ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy. Goý, türkmen sportuny täze belentliklere çykaryp, Watanymyzy sagdynlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, beýik başlary hemişe aman bolsun!
Maksatmyrat TÄÇMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.