Watan keşbi ajaýyp bir esere meňzände, onuň waspy ynsan kalbynyň iň gözel duýgulary bilen sazlaşýar. Eger, her bir döwleti bir paslyň alamatlary bilen beýan etmeli bolsa, onda eziz Diýarymyz Türkmenistany şübhesiz bahar paslynyň ajaýyp keşbinde göz öňüne getirersiň. Sebäbi, baharda Zemin gülleýär, älem-jahan heýjana gelýär. Gahryman Arkadagymyz: “Dünýäde ynsanlaryň bagtly ýaşaýşy hakdaky aladalardan uly maksat ýokdur. Eger bu döwletli işe sähelçe goşant goşmaga ýetişen bolsaň, seniň özüň hem iň bagtly ynsansyň” diýip belleýär. Ine-de biziň buýsanmaly ýerimiz. Çünki, Türkmenistandaky ýaşaýyş- sowulmaz ýazdyr. Ajaýyp ýazyň waspy bolsa, sanardan kändir.
Dogrudan hem, heňňamlaryň hakydasynda könelmeýän bir hakykat bar. Watanyň beýikligi şahsyýetine, şahsyýetleriň beýikligi bolsa, Watanyna baglydyr. Biziň her bir sözümiz bolsa, Gahryman Arkadagymyzdan, Arkadagly Serdarymyzdan başlanýar. Bügünki gün bolsa, Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp, ösüşiň ajaýyp ýoluna düşdi. Şu ajaýyp ýolda Gahryman Arkadagymyzyň beýik ýörelgelerine eýerýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mähriban halkymyzyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hem halkymyz hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri, uly toý-dabara, belent joşgun bilen barýar.
Bitaraplyk- merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwy, öz nesillerine öwüt-ündew eden pähim paýhasy, ertirki aýdyň güne bolan çagyryşydyr.
Hakykatdan hem halkara hukugynda giňden ýaýran Bitaraplyk sözüniň aňrysynda uly many bar. Taryhyň dowamynda ençeme kynçylyklary başdan geçiren adamzat jemgyýeti bu günki gün ählumumy abadançylyga hem-de parahatçylyga naýbaşy gymmatlyk hökmünde garaýar. Bu ugurda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň eýeleýän orny, öňe sürýän başlangyçlary, durmuşa geçirýän işleri hem dünýä nusgalykdyr. Türkmenistan döwletimiziň ýöredýän hoşniýetli, ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bu günki gün dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy onuň dünýä döwletleriniň arasynda abraýyny has-da artdyrdy. Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplygy Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygyň berkemegine, döwletara gatnaşyklarynyň, ähmiýetli hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna we ösmegine getirdi.
Bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde ata Watanymyz eziz Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berilmegi, ýagny “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakyndaky taryhy Ykrarnamasynyň kabul edilmegi, 2015-nji ýylda Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk derejesi hakynda BMG-niň Baş Assembleýasynyň ikinji Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolsa, BMG Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi taryhy waka boldy. Bu guwandyryjy waka Türkmenistan döwletimiziň parahatçylygy söýüjilikli daşary syýasatynyň hakyky dabaralanmasy boldy. Şeýle ajaýyp pursatda, Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ata Watanymyzyň baş baýramyny Bitaraplyk gününi il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda giňden belläp geçmegimiziň özi döwletlilikden, bagtyýarlykdan nyşandyr. Bu baýram halkymyzy ösüşiň we rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyryp, kalplara joşgun berýär.
Mahlasy, bagtyýar zamanamyza aýdym bolup gelýän arzyly günleriň gujagynda ýaşamak we işlemek, döretmek we gurmak agzybir halkymyz üçin uly bagtdyr. Şeýle bagtyň eýeleri bolan türkmen ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan alkyşlary çäksizdir. Goý, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli işleri rowaç alsyn!
Maksat JANMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.