“Ykballynyň ugran işi oň görner” diýlişi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň öňe sürýän her bir başlangyçlarynyň ählisi oňlanylýar, uly seslenme tapýar. Muny halkymyzyň “Aý dogsa, älem görer” diýen aýtgysy hem dolulygyna tassyklaýar. Bu günki gün döwletimiziň ähli ugurlar boýunça aýdyňlygyny bolsa, Älem görýär, açyklygyny bütin dünýä ykrar edýär. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada, olara berilýän üns bolsa, rowaçlyklar bilen utgaşýar. Sebäbi, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlar türkmen jemgyýetiniň ygtybarly hereketlendiriji güýjidir.
Mälim bolşy ýaly, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlary boýunça ýaşlaryň başarnygyny, sagdyn we kämil ösüş derejesiniň giň mümkinçiliklerini açyp görkezmek, Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň hukuklaryny, bähbitlerini goramak we muny iş ýüzünde amala aşyrmak Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň esasy maksady bolup durýar. Şeýle işleriň çäginde ýaşlary kitaphanalara çekmek we olaryň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleri tarapyndan uly işler amala aşyrylýar. Sebäbi kitap- kämilligiň gözbaşy. Islendik bir kitabyň dünýäniň ýüzünde ykrar edilmegi, şol kitabyň awtorynyň näderejede kämil şahsyýetdigini doly açyp görkezýän hakykatdyr. Ynha, bugünki gün hem, Gahryman Arkadagymyz özünde çuň manyly pikirleri jemleýän ençeme kitaplaryň awtory hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykýan her bir eseri, ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülip giň ykrarnama eýe bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan dörän ajaýyp eserleriniň ähmiýetini ýaşlar köpçüligine giňişleýin düşündirmek, ýaş nesilleri watançylyk we ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek hem-de Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň 18-nji bendini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň Mary welaýat kitaphanasy bilen bilelike gurnamagynda dürli çäreler yzygiderlilikde geçirilýär. Bularyň ählisi ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.
Goý, halkymyza gymmatly eserlerini peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa ornaşdyrýan Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
Annamuhammet BABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.