Şu gün – 1-nji fewralda Türkmenistanda futbol boýunça gyşky transfer möwsümi açyldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň tff.com.tm resmi saýty habar berýär.
Bu möwsümde ýurdumyzyň futbol toparlary, hususan-da, Ýokary liganyň wekilleri düzümlerini güýçlendirmek üçin oýunçy alyş-çalşygyny geçirerler. Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň resmi saýtynda berilýän habarda nygtalyşy ýaly, möwsüm 28-nji fewrala çenli dowam eder.