Öňde belent maksatlar

22-nji ýanwarda sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen  «Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanmagy sagdyn durmuş ýörelgeleriniň has-da rowaçlanjakdygyndan habar berýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda sporty goldamak we ilatyň saglygyny berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ösüp gelýän ýaş nesli sporty söýmek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň  bitewi ulgamyny  kämilleşdirmek hem-de türkmen sportuny has-da belende götermegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk  we maddy-tehniki esaslaryny döretmek maksady bilen kabul edilen bu resminama milli Liderimiziň sport syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky aýdyň maksatly ädimdir.

«Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň  kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegi, daşary ýurtlaryň degişli sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi hem-de bu ugurda sanly we innowasion tehnologiýalar babatda dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurduň sport ulgamyna ornaşdyrmagy, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamagy, bedenterbiýe we sport babatdaky  ylmy ösdürmegi hem-de beýleki wajyp çäreleri geçirmegi kesgitleýär.

Ilatymyzyň saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga hem-de türkmen sportuny dünýäde öňdäki orunlara çykarmaga gönükdirilen aýdyň wezipeleri öňde goýýan bu maksatnamany ýerine ýetirmek boýunça kesgitlenen meýilnamalaýyn çäreleriň toplumy ilkinji nobatda türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli ornaşdyrmakda ýokary ähmiýete eýedir.  

Bilşimiz ýaly ýyllaryň täsiri, belent maksatlaryň berk binýatly tutumlary, Gahryman Arkadagymyzyň saýlan ýolunyň sagdynlyga we ruhubelentlige gönükdirilmegi netijesinde türkmen sporty ýokary derejelere çykdy. Munuň özi geljekde hem döwletli döwrüň bagyş eden giň mümkinçiliklerini giňeltmegi we gazanylan buýsançly netijeleri artdyrmagy milli sportuň has işjeň ýagdaýda hem köpçülikleýin häsiýetli ösdürilmegini şertlendirýär.

Şunuň netijesinde bolsa parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly bolan sportuň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde dabaralandyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan esaslandyrylan «Sport» taglymatynyň düýpli esaslary we maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkligi bolsa bu babatda kabul edilýän döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge şert döredýär.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan alnyp barylýan  sport strategiýasynyň netijesinde gurlup ulanylmaga berilýän desgalar, merkezler, stadionlar hem türgenleşik zallary enjamlaşdyrylyşy taýdan döwrebaplygy bilen tapawutlanyp, ýaş nesilleriň sagdyn ruhuň, berk bedenliligiň hakyky keşbinde kemala getirilmegini kepillendirýär.

Bu günki günde türkmeniň ýaş nesli kämil ussat tälimçileriň elinde okuw türgenleşiklerini geçip, sport ussatlary, dürli ýaryşlaryň çempionlary bolup ýetişýärler. Olaryň dünýäniň sport giňişliginde gazanýan halkara derejeli üstünlikleri ýaşyl tugumyzyň belentde parlamagyna täsir edip, halkymyzyň jahan jemgyýetçiligindäki abraý-mertebesini göterýär.

Milli bedenterbiýäniň hem köpçülikleýin sportuň giň gerimde ösdürilmegini, sagdyn nesli kemala getirmegi we geljek-de sport üstünliklerimizi has-da dabaralandyrmagy öňde baş wezipe edip goýýan täze maksatnamanyň we onuň çäklerinde ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanmagy hem sagdyn durmuşda ýaşaýan ähli halkymyzy, esasan hem ýaş nesli terbiýeleýän bilim-terbiýeçilik ulgamynyň wekillerini hem tüýs ýürekden buýsandyrýar. Geljegiň beýik üstünliklerini we baş baýlyk hasaplanylýan il saglygyny pugtalandyrjak döwletli resminamalaryň mynasyp durmuşa geçirilmeginiň netijesinde halkymyzyň bagtyýar geljegi has röwşen hem rowaç bolar.

Şonuň üçin hem biz «Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek türkmenistanlylar üçin mizemez ýörelgä öwrülmelidir» diýip, öňde aýdyň wezipeleri goýýan, kämilligiň täze basgançaklaryna çykmaga nusgalyk ýoly salgy berýän, şeýle hem kämilligiň synmaz göreldesini görkezýän Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Ýusup BABAKULOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.