19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow “Türkmenistanda 2021–2025-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de sportda ýokary gazanylanlary has-da ösdürmek, şol sanda şu ýyl Aşgabatda trekde welosiped ýaryşlary boýunça dünýä çempionaty bilen birlikde, iri halkara sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek boýunça wajyp wezipeleriň çözülmegine ünsi çekdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport birleşdiriji, ruhlandyryjy güýç hökmünde döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir. Bu bolsa “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän ýylda aýratyn wajypdyr.
Sport diplomatiýasy döwletimiziň daşary syýasatynyň işjeň ösdürilýän ugurlarynyň birine öwrüldi, şonuň netijesinde, Türkmenistan iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen maksatnamanyň taslamasy boýunça birnäçe öwüt-ündewlerini hem-de maslahatlaryny berip, ony döwrüň talabyna laýyk derejede täzeden taýýarlamagyň möhümdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pederlerimizden miras galan “At almankaň, eýer al” diýen parasatly nakyly mysal getirip, ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmegiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebap ulgamyny döretmek, welosiped duralgalaryny gurmak, ýöriteleşdirilen dükanlary, ussahanalary, söwda merkezleriniň ýanynda olaryň goýulýan ýerlerini açmak hem-de welosiped ýodalaryny çekmek, welosiped bejerýän ussalary taýýarlamak, adamlaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin seýilgählerde ulular we çagalar üçin welosipedleriň hödürlenýän punktlaryny açmak hem-de seýilgähiň içinde welosiped ýodalaryny çekmek boýunça işleriň göz öňünde tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz mundan beýläk ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar gurlanda şu talaplaryň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, munuň ilatyň giň gatlaklaryny sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmekde welosiped sportunyň uly ähmiýetiniň boljakdygyny nygtady.
Welosiped ulagyň iň elýeterli, esasy bolsa ekologiýa taýdan örän arassa, peýdaly we sagdynlygy üpjün edýän görnüşidir. Hormatly Prezidentimiz welosiped sportunyň ösdürilmegini daşky gurşawy goramaga hem-de halkymyzyň saglygyny üpjün etmäge biziň goşýan goşandymyzdygyny nygtady hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.