20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimizi Olimpiýa şäherjigine gelende Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar, jemgyýetçilik guramalary ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyz özboluşly sport toplumy bolan diňe Merkezi Aziýa sebitinde däl-de, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryndaky ýagdaýlar bilen tanyşdy. Bu ýerdäki iň iri desga Olimpiýa stadiony bolup, onuň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde dessine ünsüňi özüne çekýär.
Bu ajaýyp keşpde Türkmenistanyň belent maksatlara, dünýäde parahatçylyga hem-de halklaryň arasyndaky dostluga, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň bähbidine döredijilikli gatnaşyklara, durmuşyň baş baýlygy hökmünde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge okgunlylyk jemlenendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp stadionyň mümkinçilikleriniň şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk beýik baýramçylygynyň dabaralaryny geçirmekde-de, örän uludygyna ünsi çekdi. Iň naýbaşy baýramçylyk dabaralarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen şöhratly ýollaryny aýdyň we giňden beýan etmekde stadionda döredilen şertlerdir mümkinçiliklerden oýlanyşykly peýdalanylmalydygy barada aýdyp, Aşgabat şäheriniň häkimine hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrine birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda türkmen sportunyň beýik sepgitleri eýeleýändigini aňladýan hoş habaryň gelip gowşandygyny, agyr atletika boýunça ýurdumyzyň türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň dünýä ýyldyzy bolup dogandygyny, şeýlelikde türkmen ýyldyzynyň dünýä şugla saçyp, milli sportumyzyň ösüşiň has-da belent derejesine çykýandygyny subut edendigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, şunuň ýaly üstünlikleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.
2021-nji ýylda hem ýurdumyzda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Dewisiň Kubogyny almak boýunça abraýly halkara ýaryşynyň saýlama tapgyry geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýaryşlara taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowyň hasabatyny diňledi.
Döwlet Baştutanymyza şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministri daşary ýurtly türgenleriň ýokanç kesellerden goranmaklary üçin olara sanjym geçiriljekdigi, munuň üçin hemme zerur şertleriň bardygy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyza häzirki wagtda dünýäde köp ýurtlaryň pandemiýa bilen bagly sanjymlary öndürip başlandygyna ünsi çekdi. Aýdaly, “Sputnik V” sanjymyny ulanmaga doly haklydyrys. Sebäbi biz bu sanjymy bellige aldyk.
Geljekde bu ugurdaky işleri dowam etmegiň hem-de beýleki ýurtlaryň öndürýän sanjymlaryny bellige almak bilen bagly gepleşikleri geçirmegiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Çünki ýaryşa gatnaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden türgenler paýtagtymyza geler.
Bizde bellige alnan sanjymyň bolandygyna garamazdan, daşary ýurtly türgenleriň beýleki öňüni alyş sanjymlaryna ýa-da beýleki serişdelere isleginiň bolmagy mümkin. Şoňa görä-de daşary ýurtdan geljek türgenleriň saýlamaga mümkinçiligi bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biz bu sanjymlaryň ähli görnüşlerini mugt üpjün etmelidiris. Munuň üçin biziň ähli mümkinçiliklerimiz bar. Şunuň baglylykda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň üsti ýapyk welotrek toplumyna geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 6 müň orunlyk üsti ýapyk welotrek toplumynda tomaşaçylar üçin niýetlenen münberleri, welotrek meýdançasyny gözden geçirip, türgenler, eminler we janköýerler üçin döredilen şertlere baha berdi.
Şu ýerde döwlet Baştutanymyz sport we ýaşlar syýasaty ministriniň welotrek boýunça dünýä çempionatyna degişli hasabatyny diňledi. Habar berlişi ýaly, welotrek boýunça dünýä çempionatyna daşary döwletleriň 40-a golaýyndan türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Welotrek sportunyň ýaryşlary 10 görnüş boýunça geçiriler. Şunda olaryň erkekleriň we zenanlaryň hersiniň arasynda geçiriljekdigini göz öňünde tutanyňda jemi 20 ýaryş guralar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýaryşlaryň dünýä talaplaryna laýyk gelýän iň ýokary halkara ölçegleriniň derejesinde geçirilmelidigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz hususan-da, türkmen türgenleriniň gatnaşmagyndaky ýaryşlarda ulanyljak welosipedlerde milli öwüşginlerimiziň aýratyn ýüze çykmalydygyny, esasan-da, türgenlerimiziň türkmen tuguny parlatmalydygyny belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryşlary dünýä ýaýmak maksady bilen, Olimpiýa şäherjigindäki Halkara göni ýaýlyma beriş merkeziniň işiniň ýokary halkara talaplaryna laýyk gelmelidigini tabşyrdy. Bu merkezde işlejek hünärmenlerimiz bu ýerdäki tehnikalardan peýdalanmak bilen, işlerine ussatlarça erk edip, ýaryşlaryň alnyp görkezilişini ýokary hil derejesinde üpjün etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygyna birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjiginiň üsti ýapyk Tennis toplumyna tarap ugrap, Aşgabatda Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň geçirilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki barha belende göterilýän abraýynyň aýdyň subutnamasydygyny hem-de Diýarymyzda sporty, şol sanda tennis oýnuny mundan beýläk-de giňden wagyz etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen tennisçileri halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Aşgabatda geçiriljek Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşda türkmen türgenleriniň has-da ýokary netije gazanjakdyklaryna ynam bildirip, döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta bolan höwesiniň ýokarydygyny belledi we türgenlerimiziň gazanjak üstünlikleriniň Türkmenistanyň Tuguny belentde pasyrdatjagyna ynam bildirdi.
Wise-premýer M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulýan bedenterbiýe we sport, köpçülikleýin sagaldyş çäreleri hem-de ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ýaryşlaryna ýokary derejede guramaçylykly taýýarlyk görmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de Olimpiýa şäherjiginde bolmagynyň netijelerini jemläp, şu ýyl geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryň ähmiýetini belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýer M.Geldinyýazowa bu çäreleri ýokary derejede guramaçylykly hem-de hemmetaraplaýyn taýýarlykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şol ýaryşlaryň netijeleri Türkmenistanyň sport ulgamynda ýeten belent derejesini, halkymyzyň milli medeniýetini, baý mirasyny, myhmansöýerligini, mähirliligini we açyklygyny örän aýdyň görkezmelidir. Ýurdumyza gelen myhmanlar şu aýratynlyklardan özlerinde ýatdan çykmajak täsir galdyrmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda käbir görkezmeleri berdi.
***
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň türgenleşik zalynda dürli sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Bu ýerde oturdylan sport enjamlary ýokary halkara görkezijilerine we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmek bilen, olarda ýerine ýetirilýän sport maşklary adam synasynyň berkemegine we saglyk ýagdaýynyň yzygiderli gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň möhüm ýörelgesine öwrülmelidir. Yzygiderli beden maşklary adamynyň işjeňligini artdyrýar we onuň döredijilikli zähmete bolan höwesini ösdürýär.
Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri adamlaryň öz mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nusgalyk görelde görkezip, watandaşlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bu ugra ruhlandyryp, nusgalyk görelde bolýandygyny bellemeli.
Milli Liderimiz bu ýerde sport maşyklaryny ýerine ýetirip, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine gönükdirilen çäreleriň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi we bu ýerden ugrady.
***
Şeýle hem paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň Saglygy dikeldiş merkezi we anyklaýyş barlaghanasy binasynda degişli işleri alyp barmak üçin ýokary derejeli mümkinçilikler üpjün edildi. Bu ýerde türgenleriň halkara ýaryşlaryna kybap gelýän ýagdaýyny kesgitlemek, olaryň saglyk derejesini anyklamak we zerur bolan dikeldiş çärelerini amala aşyrmak üçin hemme zerur şertler bar. Bu binanyň enjamlaşdyrylyş derejesiniň ýokary halkara görkezijilerine doly laýyk gelýändigini bellemek gerek.
Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bu ýerde bolup, öňde boljak dünýä çempionatynyň guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamany ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, degişli taýýarlyk işlerine girişildi.
Şu nukdaýnazardan bu ýerde ýörite okuwlary geçen lukmanlar we hünärmenler degişli işleri alyp bararlar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri bu binada dünýä çempionatyny geçirmekde zerur hasaplanylýan ähli işleri ýokary derejede ýerine ýetirerler. Munuň özi halkara ýaryşlaryna gatnaşýan türgenleriň saglyk ýagdaýyny we olaryň bäsleşige ýaramlylyk derejesini ýola goýmagyň möhüm şertini emele getirer.
***
Olimpiýa şäherjiginiň Halkara teleýaýlyma beriş merkezi toplumyň çägindäki ähmiýetli binalaryň biridir. Bu ýerde ýaryşlara taýýarlyk işleriniň, olaryň guramaçylyk derejesiniň we bäsleşikleriň giňden beýan edilmegine we dünýä ýurtlarynda alnyp görkezilmegine ýardam berýän zerur şertler döredildi.
Binada oturdylan häzirki zaman enjamlary täzeçil tehnologiýalar arkaly ýaryşlaryň gidip duran pursatlaryny teleýaýlymlara ugratmaga we dünýä ýurtlarynyň tomaşaçylaryny bu ýerde guralýan bäsleşikler bilen tanyşdyrmaga giň mümkinçilik berýär.
Şu gün ýurdumyzyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri paýtagtymyzda geçiriljek dünýä çempionatynyň bäsleşiklerini teleýaýlymlarda görkezmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem olar öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň anyk ugurlaryny kesgitlediler.
Şeýle hem bu ýerde degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda zerur bolan taýýarlyk işlerine badalga berildi. Şunda, häzirki zamanyň ösen tejribesinde, sanly tehnologiýalardan we Internet ulgamynyň kämil serişdelerinden netijeli peýdalanylar.
Munuň özi ýaryşlaryň geçýän pursadynda teleýaýlymlarda görkezmek mümkinçiligini üpjün eder. Bu ýerde badalga berlen taýýarlyk işleriniň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüler.
Umuman, munuň özi türkmen sportunyň abraýynyň belende galmagyna we dünýäde sport ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleriniň işjeň häsiýete eýe bolmagyna toplumlaýyn çäreleriň gönükdirilýändigini aňladýar.