Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki sport abraýy barha artýar

Türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy ýurdumyzyň sportunyň dünýä ýüzünde gazanýan üstünlikleriniň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan sport syýasatynyň aýdyň ykrarnamasydyr. Şol ýaryşlarda ildeşlerimiz dürli derejedäki sylaglara, şol sanda altyn medallara mynasyp bolýarlar.

Agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan görkezijileri-de munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Ozal netijeleri jemlenende nätakyklyga ýol berlen ýaryşlaryň jemleri boýunça türgen gyzymyz itekläp götermekde kümüş medalyň we silterläp götermekde bürünç medalyň eýesi bolupdy. Şonda şaýatlara mälim bolşy ýaly, Ýulduz altyn medala tarap ynamly gadam urupdy. Şonuň üçin eminleriň çözgüdi türgen gyzymyzy we janköýerleri örän gynandyrdy. Emma adalatlylyk diýseň-diýmeseň dabaralandy.

Ýaňy-ýakynda bolsa 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň netijelerine gaýtadan seretmegiň hem-de dopinge garşy toparyň talaplaryna laýyklykda, medallary gaýtadan paýlamagyň esasynda türgen gyzymyza altyn medalyň gowşurylýandygy barada hoş habar gelip gowuşdy. Mundan başga-da, türgenimiz itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzeledi.

Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilişi ýaly, türkmen türgeniniň mynasyp bolan sylagy oňa şu ýyl geçiriljek agyr atletika boýunça halkara ýaryşyň barşynda gowşurylar. Şeýle hem bu hatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda sportuň agyr atletika görnüşini hem-de, umuman, sporty ösdürmäge, Olimpiýa hereketini wagyz etmäge goşýan goşandy barada aýdylýar.

Biziň türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleriniň milli Liderimiziň başlangyjy we gös-göni gatnaşmagynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de sportuny ösdürmek boýunça geçirýän giň gerimli işleriniň netijesidir. Bu işe uzakmöhletli döwlet maksatnamasynyň guramaçylykly häsiýeti çaýyldy.

Şunuň ýaly ajaýyp üstünlikleri gazanmagyň aňyrsynda şol bir wagtyň özünde türkmen agyr atletika mekdebiniň milli ýörelgeleriniň durandygyny hem bellemek gerek. Bu barada agzalanda türkmen sportunyň taryhynda ýitmejek uly yz galdyran ildeşimiz Altymyrat Orazdurdyýewiň gazanan üstünliklerini mysal getirmek bolar.

Agyr atletika boýunça at gazanan sport ussady dünýäniň hem-de Ýewropanyň 3 gezek çempiony, Aziýanyň we Aziýa oýunlarynyň çempiony boldy. Milli hem-de halkara sport hereketiniň ösüşine onuň goşan goşandy örän uludyr. Häzir agyr atletika boýunça türkmen türgeniniň üstünlikleri halkara derejesinde ykrar edildi. Altymyrat Orazdurdyýewiň ajaýyp üstünlikleri bolsa ýurdumyzda sportuň bu meşhur görnüşini saýlap alýan ýaşlary agyr atletika sporty bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar.

Şu günler Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň täze Meýilnamasynyň güýje girmeginiň hem özboluşly manysy bar.

Agyr atletikaçy gyzymyzyň gazanan üstünligi ýurdumyzda gender syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Çünki ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde zenanlaryň dürli ugurlarda işlemegi, ukyp-başarnyklarynyň açylmagy, şol sanda däbe görä, ozal erkekleriň sporty hasaplanan agyr atletika bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredildi.

Halkara derejeli türgenleri taýýarlamak Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň, beýleki döwlet maksatnamalarynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň we ýokary görkezijiler sportunyň hukuk taýdan goldanylmagy möhüm wezipe bolup durýar. Ony “Professional sport hakynda”, “Meýletinçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary, Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport ulgamynda daşary ýurtly hünärmenleri işe çagyrmak meseleleri hakynda Karary üpjün edýärler. 2020-nji ýylyň sentýabrynda “Bedenterbiýe we sport hakynda” täze Kanun güýje girdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy netijesinde, bedenterbiýe-sagaldyş we ýokary görkezijiler sporty babatda amala aşyrylýan işler döwletimiziň hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde saglygyň we sportuň gymmatlygyna aýdyň hem-de anyk düşünýän jemgyýetimiziň tagallalarynyň sazlaşykly utgaşmagynyň aýdyň mysalydyr.