Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda syýasy ulgamyň has-da kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Demokratik özgertmeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ilatynyň, aýratyn hem ýaş raýatlarynyň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, syýasy-hukuk medeniýetini ýokarlandyrýar. Hereket edýän we döwrebaplaşdyrylýan kanunçylyk namalarynda watandaşlarymyzyň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga, saýlawlarda öz erk-islegini erkin beýan etmäge bolan syýasy hukuklary kepillendirilýär. Bu bolsa, bagtyýar raýatlarymyzyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gatnaşyp, toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kanunçylyk, ykdysady, guramaçylyk, habar kepillikleriniň, saýlaw toparlarynyň iş şertleriniň üpjün edilmegini kadalaşdyrýan hukuk namalary Bitarap döwletimiziň dünýäniň syýasy giňişligindäki at-abraýyny belende göterýär.
Bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimize milli demokratik gymmatlyklary çuň ornaşdyrmak, olary umumy ykrar edilen düzgünler, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly däpler bilen baýlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Halkymyzyň döredijilik, gurujylyk ukybynyň ýokarlanmagyna, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň düýpli özgermegine we ösmegine kuwwatly itergi beren demokratik ýörelgelerimiz milli kanunçylygymyzda giň beýanyny tapýar. Hususan-da, Esasy Kanunymyzyň maddalarynda Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň halk tarapyndan amala aşyrylýandygyny, halkyň döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydygyny, halkyň öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygyny kesgitleýän esasgoýujy kadalar göz öňünde tutulýar. Şeýle hem adamlaryň intellektual mümkinçiliklerini jemgyýetçilik ösüşiniň oňyn netijelerine gönükdirmekde möhüm orun tutýan syýasy köpdürlülik we köp partiýalylyk ykrar edilýär. Jemgyýetimizde raýat bitewüligini pugtalandyrmakda, giň gerimli öňegidişlikleri, täzeçillikleri gazanmakda ruhlandyryjy güýç bolup çykyş edýän jemgyýetçilik guramalarynyň hukuk esaslary berkidilýär.
Munuň özi, döwletimiziň syýasy-hukuk gurluşynyň halkymyzyň milli özboluşlylygyna we umumadamzat ýörelgelerine laýyk gelýändigini şöhlelendirýär. Jemgyýetimizde syýasy-durmuş döredijiligiň we gatnaşyklaryň işjeňleşendigini, demokratiýalaşmagyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny dabaralandyrýar. Ruhubelent raýatlarymyzyň jemgyýetiň we döwletiň nurly geljegi nazarlaýan işlerine gatnaşmaga bolan ygtyýarlyklaryny, şeýle-de tebigy we mizemez hukuklarynyň jemgyýetçilik durmuşynda ileri tutulmagyny kepillendirýär. Ýurdumyzda adamyň Dünýä Bileleşigi tarapyndan kabul edilen we halkara hukuk kadalarynda bellenen esasy hukuklarynyň ykrar edilýändigini we hormatlanýandygyny aýdyň görkezýär. Mälim bolşy ýaly, 31-nji martda ýurdumyzyň aýry-aýry saýlaw okruglarynda möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçirildi.
Ir sagat 700-da Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda, dabaraly ýagdaýda başlanan baýramçylyk güni saýlaw uçastoklarynyň 14-si Aşgabat şäherinde, 50-si Ahal welaýatynda, 10-sy Balkan welaýatynda, 49-sy Daşoguz welaýatynda, 41-si Lebap welaýatynda, 58-si Mary welaýatynda gapylaryny giňden açdy. Il-ýurt bähbitli geljegi nazarlaýan möhüm çärä agzybirlikde gatnaşan raýatlar, asuda ýagdaý höküm süren saýlaw uçastoklarynda ildeşlerimiziň arasynda uly hormatdan peýdalanýan mynasyp dalaşgärlere seslerini berdiler. Saýlaw güni öňünden ses bermegiň we ses berilýän jaýdan daşarda ses bermegiň düzgünleri talabalaýyk berjaý edildi. Ses bermek çäresi saýlaw möwsüminiň ahyrlaýjy tapgyrlarynyň biri bolup, iki aýlyk döwürde amala aşyrylan işleriň garaşylan netijelerini jemledi. Käbir saýlaw uçastoklaryndan saýlawlaryň onlaýn-alyp görkezmek usuly arkaly geçirilendigi hem-de adamlaryň Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda ses bermegiň barşyna syn etmek mümkinçiliginiň döredilendigi bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň häsiýetli aýratynlygy boldy. Bäsdeşlik esasynda, açyklyk we aýdyňlyk şertlerinde geçen saýlawlar Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna hem-de hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik özgertmeler ugruna ygrarlydygynyň subutnamasyna öwrüldi. Ol saýlawçylaryň mähriban Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmelere işjeň gatnaşmaga bolan gyzyklanmasyny äşgär etdi. Asylly däbe eýerilip, möhüm çäräniň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralarda hormatly ýaşululara we konstitusion hukuklaryndan peýdalanyp, ilkinji gezek saýlawlara gatnaşan oglan-gyzlara jemgyýetçilik birleşikleriniň sowgatlary gowşuryldy.
Türkmenistanda ýaş raýatlaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginiň konstitusion derejede üpjün edilmegi ugrunda amala aşyrylýan işler bu gün ýaşlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy üçin giň ýollary açýar. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» we «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň netijeli hereket etmegi onuň aýdyň mysallarydyr. Kanunda döwlet tarapyndan ýaşlaryň, ýaşlar birleşikleriniň jemgyýetçilik ähmiýetli başlangyçlaryny, jemgyýetçilik-syýasy işini goldamak, ýaş raýatlaryň döredijilik işjeňligini durmuşa geçirmek hakyndaky kadalar öz beýanyny tapýar. Giň goldaw-hemaýata daýanýan ýaşlar bu gün döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli wekilçilikli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işlerini döwrebap derejede guramakda görelde görkezýärler. Şunuň bilen baglylykda, geçen saýlawlaryň taýýarlyk görülýän we geçirilýän döwrüniň çärelerine ýaşlaryň işjeň gatnaşandygy hem bellenmäge mynasypdyr. Ýaş raýatlaryň saýlawlara gatnaşmagy, jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň guramaçylyk işlerine çekilmegi olaryň syýasy-durmuş gözýetiminiň giňelmegine, syýasy-hukuk düşünjesiniň artmagyna oňaýly täsir edýär. Saýlaw kanunçylygynda bildirilýän talaplara ýokary jogapkärçilik duýgusy bilen çemeleşmegi terbiýeleýär.
Umuman, bu möhüm döwlet-syýasy çäresi saýlaw möwsüminde hem-de saýlawlar güni guramaçylykly amala aşyrylan işleriň ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryna laýyk derejede geçirilendigini dabaralandyrdy. Saýlaw ulgamynyň hukuk binýadynyň kemala gelendigini, maddy-enjamlaýyn binýadynyň üpjün edilendigini aýdyň görkezdi. Ýurdumyzda raýat jemgyýetiniň demokratiýalaşdyrylmagy, saýlaw ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda gazanylýan öňegidişlikler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň rowaçlanýandygyny, türkmen halkynyň durnukly ösüşiň täze belentliklerine okgunly hereket edýändigini, döwlet bilen halkyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň arasynda jebis hem-de iňňän sazlaşykly hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygyny alamatlandyrdy.
Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
“Nesil” gazeti,
02.04.2019ý.