Ata Watanymyz özboluşly milli ýoly bilen ösüp-özgerýär we döredijiligiň, ösüşiň ýokary depgini bilen ynamly öňe barýar. Gahryman Arkadagymyz ähli ulgamlar bilen bir hatarda Türkmenistanda sport pudagyny halkara talaplaryna laýyk kämilleşdirmäge, sporty we sagdyn durmuşy wagyz etmäge, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, olimpiýa hereketini we ýokary derejedäki türkmen sportuny ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berýär.
Şeýlelikde, «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanda bedenterbiýäni ösdürmegiň we sporty goldamagyň 2011—2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman stadionlaryň, aýlawlaryň, döwrebap derejede enjamlaşdyrylan bedenterbiýe we sport toplumlarynyň gurulmagy iňňän möhüm ähmiýete eýedir.
Gysga döwrüň içinde paýtagtymyzyň gözel künjeginde häzirki zaman innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilen, milli ýörelgelerimizi we gymmatlyklarymyzy özüne siňdiren Olimpiýa şäherçesi guruldy. Döwlet Baştutanymyzyň döwrümiziň ruhuny aýdyň görkezmäge mümkinçilik berýän öňdebaryjy binagärlik çözgütleri, olimpiýa we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini taýýarlamak üçin berk binýady döretmek başlangyçlary esasynda Olimpiýa şäherçesiniň bina edilmeginiň Türkmenistanda sport hereketini täze derejä çykarmaga, ýaş nesilleriň arasynda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmäge we ösdürmäge, ýaş zehinli türgenleri ýüze çykarmaga we ýokary derejeli türgenleri, milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamaga uly itergi berýär.
Demokratik we hukuk döwletimizde ýurdumyzyň parahatçylygyny, halkymyzyň asuda, bolelin durmuşyny üpjün etmek, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň dolу berjaý edilmegi, raýatlaryň kanuny bähbitlerini oňaýly peýdalanyp bilmekleri ugrunda uly tagallalar edilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasyna laýyklykda, döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär.
Ýurdumyzda bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy ýörelgelerinden ugur alnyp birnäçe kanunçylyk namalar kabul edildi. Muňa «Bedenterbiýe we sport hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny mysaldyr. Bu hukuk nama türkmenistanlylary sport bilen işjeň meşgullanmaklaryny gazanmaga, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, ilkinji nobatda, ýaşlary bedenterbiýe we sport hereketine giňden çekmek işleriniň gerimini has-da giňeltmäge ýardam edýär. Kanun Türkmenistanyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, ýurdumyzda bedenterbiýe we sport babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär we bu işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny berkidýär.
Bitarap ýurdumyzda milli we halkara derejelerinde dürli sport ýaryşlary, beýleki sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ýaş sport ussatlarymyz ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň düzüminde iri halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelemek bilen, Garaşsyz Watanymyzyň Döwlet baýdagyny belentde parladýarlar.
Halkara Sambo federasiýasynyň (FIAS) 2019-njy ýylyň 22-nji martdaky mejlisinde 2020-nji ýylda sportuň sambo görnüşi boýunça dünýä çempionatyny Aşgabat şäherinde geçirmek baradaky degişli resminama gol çekmegi ýurdumyzyň iri halkara ýaryşlarynyň geçýän mekanyna öwrülendigini ýene-de bir gezek tassyklady.
Ýurdumyzyň «Türkmen sporty» gazetinde, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynda ussat tälimçiler we zehinli türgenler barada, olaryň halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri hakynda maglumatlar yzygiderli çap edilýär. Türkmenistany halkara giňişliginde sport ýurdy hökmünde giňden tanatmak, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny we halkara abraýyny mundan beýläk-de belende götermek, şeýle hem ýaş nesliň sagdynlygyň, ruhubelentligiň egsilmez çeşmesi bolan sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan höwesini has-da artdyrmak, olaryň sportdaky ösüşini belent sepgitlere ýetirmek üçin dünýä belli, tejribeli sport tälimçileri çagyrylýar. Türgenleriň beden we sport taýdan taýýarlygyna halkara tejribesine laýyklykda gözegçilik etmek üçin sport lukmançylygy ylmynyň gazananlaryndan netijeli peýdalanylýar.
Sport bilen meşgullanmak adamzadyň ösüşine hem ýardam edýär. Häzirki döwürde sport halklaryň gatnaşyklarynyň medeniýeti bolup hyzmat edýär. Stadionlar, sport meýdançalary we köp sanly desgalar diňe türgenleriň däl-de, eýsem, dostlugyň we parahatçylygyň umumadamzat gymmatlyklaryna sarpa goýýanlaryň hem duşuşýan ýerine öwrüldi. Çünki sport biziň dünýämizi has-da gözelleşdirýär hemde durnukly ösüş maksatlara ýetmäge ýardam edýär. Sport — bu adamzadyň öňünde durýan meseleleriň köpüsini çözmäge mümkinçilik berýän netijeli guraldyr. Sport jemgyýetiň birleşmeginde uly orun eýeleýär we beýleki ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklary gowulandyrmagyň, dini, syýasy näsazlygy aradan aýyrmagyň serişdesidir.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň binýadynda 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanjakdygyna we berkarar döwletimiziň sport abraýyny has-da belende göterjekdigine ynanýarys.
Batyr ORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktorynyň orunbasary.
“Nesil” gazeti,
04.04.2019ý.