Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary netijesinde sport ulgamynda uly ösüşler gazanylýar we belent sepgitlere ýetilýär. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek, sporty giňden wagyz etmek babatynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň ýokary ruhubelentlige beslenmegi ynsan saglygy hakyndaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Çünki sport her bir adama sagdynlyk, bagtyýarlyk, ruhubelentlik bagyş edýär.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda her günümiz baý wakalara beslenýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwleti dünýä halklaryna giňden gujagyny açmak bilen, parahatçylygy gorap saklamak, berk bedenli, döwrebap, sagdyn, watansöýüji nesilleri ösdürip ýetişdirmekde nusgalyk işleri alyp barýar.
Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly işler biziň bagtly durmuşymyzyň badalgasydyr. Biz bu gün «Türkmenistan sagdyn ýaşaýşyň, sagdyn ösüşiň Watanydyr» diýip buýsanç bilen aýtsak bolar. Çünki hormatly Prezidentimiziň sport bilen içgin gyzyklanmagy ähli türkmen halkynyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegine itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiz: «Bedenterbiýe ýaşlykdan başlap her bir adamyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülmelidir. Häzirki ösüp gelýän sagdyn nesil — ertirki özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň girewidir» diýip nygtaýar.
Bu ganatly jümleler şu günki ýaşlary höwesli okamaga, döredijilikli zähmet çekmäge, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşmaga ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» tassyklamagy, ýaşlaryň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Maksatnamada ähli ulgamlar bilen birlikde sport ulgamy hem öz beýanyny tapýar.
Ýaşlary watançylyk, belent ynsanperwerlik ruhunda we asylly milli ruhy-ahlak ýörelgeler esasynda terbiýelemek, beden taýdan taplamak we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňe sürülýän wezipeleriň möhüm bölegi bolup durýar. Bagtyýar we ruhubelent ýaşlarymyz hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine eýerip, sagdyn durmuş ýörelgesini özlerine hemra edinýärler.
Milli Liderimiziň köpçülikleýin sporta, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine aýratyn ähmiýet bermegi halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan güýçli nesilleriň terbiýelenilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegini ugur edinýän durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar.
Sport saglygyň we gujur-gaýratyň çeşmesidir. Ýurdumyzda sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň yzygiderli artýandygy guwançly ýagdaýdyr. Bu oňyn meýiller diňe bir türgenleriň gatnaşmagynda ýaryşlary guramak bilen goldanylman, eýsem sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň gatnaşmagynda köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi bilen hem ösdürilýär.
Sport — munuň özi güýjüň, gözelligiň, sagdynlygyň we beýik sepgitlere ýetmäge ynamyň bir ýere jemlenmesidir. Hut şonuň üçin hem häzirki döwürde Türkmenistanda sporta höwes bildirýänleriň sany artýar.
Türkmen sportunyň taryhynda altyn harplar bilen ýazylan paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň şöhratly taryhyny janlandyrýan «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň hem-de Diýarymyzda ilkinji gezek geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna 100-e golaý döwletden 800-den gowrak türgenleriň gatnaşmagy buýsanç bilen bellärliklidir.
Saglyk bagtyýarlygyň hem ösüşiň esasydyr, rowaçlyklaryň, üstünlikleriň gözbaşydyr. Hut şu nukdaýnazardan ýurdumyzda ynsan saglygy, jemgyýetiň sagdynlygy esasy üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sagdyn durmuş ynsan bezegidir, bahasyz gymmatlykdyr. Hut şonuň üçinem watandaşlarymyzyň her biri «Sagdyn bedende sagdyn ruh, jany sagyň göwni çag» diýen ýaly durmuş ýörelgelerine eýerip, sagdyn durmuşda ýaşamaga ymtylmalydyr. Ýurdumyzda bedenterbiýe hereketiniň giňden ýaýramagy bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleriň döredilmegi, halkymyzyň saglyk ýagdaýynyň gowulanmagyna, ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegine oňyn täsir edýär.
Howasy derde derman gözel tebigatly Saglyk ýolundan ýöräp geçmegem, açyk howada tigirli gezelençlerem, tennisdir sport meýdançalaryndaky türgenleşiklerem ähli sport söýüjiler üçin ýol görkeziji görelde bolup durýar. Munuň özi milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän aladalarynyň buýsançly miweleridir.
Häzirki döwürde welosport dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma eýe boldy. Dünýäniň köp ýurtlarynda sportuň bu görnüşi boýunça giň möçberli ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda welosport görnüşini ösdürmek bilen bir hatarda welosport ýörişleriniň yzygiderli geçirilmegi indi asylly däpleriň birine öwrüldi. Bu bolsa sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde halk köpçüliginiň, esasanam, ýaşlaryň sportuň bu görnüşine işjeň çekilmeginde aýratyn möhüm ähmiýetlidir.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýäniň we sportuň milli we beýleki görnüşleriniň, welosiped sportunyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy ilatyň saglygynyň berkidilmeginiň, dürli keselleriň öňüni almagyň möhüm şertini emele getirýär. Şunlukda hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda halkara derejesindäki sport ýaryşlary bilen bir hatarda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerine giň gerim berildi. Munuň özi Türkmenistanda welosiped sportuna bolan uly gyzyklanmalary has-da artdyrýar.
Has takygy, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy her ýylyň 3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdi kabul etdi. Bu bolsa milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň güwänamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz: «Sport hemmeler üçindir we her bir adam üçindir! Sebäbi sport diňe bir beden taýdan kämilleşmek däl, eýsem, ruhubelentligiň we öz-özüňi ýüze çykarmagyň erkinligidir! Munuň özi açyşlaryň we ýeňişleriň, täze mümkinçilikleriň hem-de has ýokary maksatlaryň doly şatlygy bolan tutuş dünýädir!» diýip nygtaýar. Şeýle sargytlary we paýhasly nesihatlary kalbynda göterýän ýaşlarymyz, sporty özleriniň durmuş ýörelgesine öwürýärler.
Bu günki gün dünýäniň iri sport guramalary tarapyndan 2019 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistanda, ýagny paýtagtymyz Aşgabat şäherimizde sportuň birnäçe görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlaryny geçirmek barada teklipleriň gelip gowuşmagy bolsa ýurdumyzyň sport giňişligindäki halkara abraýynyň belende galýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, saglyk we sport bir bitewi düşünjedir. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak adamlaryň işjeňligini, olaryň zähmete bolan ukybyny ýokarlandyrýar. Hut şonuň üçinem Gahryman Arkadagymyz köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Halkymyz saglygy uly baýlyga deňeýär. Bu günki gün her bir raýatymyz «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähime eýerip, sagdyn durmuş ýörelgesine aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda barha giň gerim alýan sagdyn durmuş ýörelgesi bagtyýarlyk döwrümiziň ajaýyp aýratynlyklarynyň biridir. Türgenlerimiziň halkara derejesinde geçirilýän iri sport ýaryşlarynda gazanýan ýeňişleri tejribe toplamakda örän ähmiýetlidir. Munuň özi ýurdumyzda bedenterbiýä berilýän ägirt uly ünsüň netijesidir.
Köpçülikleýin sporty, bedenterbiýäni — sagaldyş hereketini ösdürmek babatdaky geçirilýän çäreleriň ählisinde ata Watanymyzyň we halkymyzyň beýik ösüşlere beslenýän röwşen geljegi nazarlanýar. Yhlas bilen ynamyň bar ýerinde bolsa ýeňiş bar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygy ýokary ruhubelentlige beslenýär. Bu çärelere talyplar, mekdep okuwçylary hem-de dürli ýaşdaky raýatlar höwes bilen gatnaşýarlar. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän sport ýaryşlary ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, ösüp gelýän nesli beden we ruhy taýdan kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Eziz Diýarymyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
“Nesil” gazeti,
30.03.2019ý.