Ata Watanymyzyň bagtyýar geljegini ýaş nesiller bilen berk baglanyşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyzda ýaşlaryň dürli ugurlarda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şolaryň netijesinde bolsa, ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda zehinli, başarnykly ýaşlary kemala getirmek maksady bilen birnäçe çagalar çeperçilik hem-de sungat mekdepleri hereket edýär. Bu mekdeplerde bilim alýan ýaşlarymyz ýurdumyzda hemde halkara sergilerinde, bäsleşiklerinde yzygiderli çykyş edip baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başarýarlar. Munuň şeýledigine paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçen ýylyň dowamynda surat çekmek boýunça geçirilen halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanan ýurdumyzyň Çagalar çeperçilik hem-de sungat mekdepleriniň okuwçylaryny sylaglamak bilen baglanyşykly geçirilen dabaranyň dowamynda hem aýdyň görýäris.
Dabarada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekili gutlag sözi bilen çykyş edip, ilki bilen, geçen 2018-nji ýylda Çehiýa Respublikasynyň Lidise şäherinde geçirilen «Lidiseniň çagalary» atly çeperçilik eserleriniň 46-njy Halkara sergisinde ýeňiji bolan ýurdumyzyň Çagalar çeperçilik hem-de sungat mekdepleriniň okuwçylaryny gutladylar.
Lidise şäherinde geçirilen Halkara sergisine dünýäniň 79 ýurdundan 29 müň çeper döredijilik işleri hödürlenip, şol sanda eziz Diýarymyzdan Çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň 15-sinden 57 sany döredijilik işleri hödürlendi. Şol işleriň içinden Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Hurşid Mätmuradow «Lidiseniň bägüli» medalyna we Hormat hatyna, Aşgabat şäheriniň Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Mähri Amanalyýewa, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Gülsenem Ataýewa, şeýle hem Ýolöten etrabynyň Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Merjen Çaryýewa ýaly geljegine uly ynam bildirilýän ýaş suratkeşler hem bäsleşigiň Hormat hatlaryna mynasyp boldular.
Geçen ýyl Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde «Dostlugyň şäheri» ady bilen 3-nji Halkara çagalar surat bäsleşigi hem geçirildi. Bu Halkara bäsleşigine dünýäniň 30 ýurdundan çagalaryň çeken çeper döredijilik işleri hödürlendi.
Özboluşly çeper döredijiligi bilen suratda beýan etmek isleýän wakalaryny doly açyp görkezmegi başaran Aşgabat şäheriniň Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Selbi Hojanepesowa birinji orna (altyn medala) mynasyp boldy. Ýolöten etrabynyň Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Taner Abdulow we Türkmenabat şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Atanur Rahmangulyýew ikinji orna (kümüş medala), Türkmenabat şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary Gülruh Huseýinowa bilen Umit Durdyýew üçünji orna, Ýolöten etrabynyň Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Selbi Şiriýewa, Sarahs etrabynyň O.Salyr adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Adyl Jumamyradow, Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary Täzegül Döwletowa we Eneş Gulhanowa, şeýle-de bäsleşige işjeň gatnaşandyklary üçin Aşgabat şäheriniň Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebi, Aşgabat şäheriniň 2-nji Çagalar çeperçilik mekdebi, Sarahs etrabynyň O.Salyr adyndaky Çagalar sungat mekdebi, Serdar şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebi, Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebi, Ýolöten etrabynyň Çagalar sungat mekdebi, Türkmenabat şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebi bäsleşigiň Hormat hatlaryna eýe boldular.
Dabaranyň ahyrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny ýokarlandyrmakda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlar aýdyldy.
Enejan DOLAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
26.03.2019ý.