Hormatly Prezidentimiziň badalga beren «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda türkmen halkynyň baý medeni mirasy ylmy esasda öwrenilýär we dünýä ýaýylýar. Eziz Diýarymyzda mähriban halkymyzyň her bir güni kalplara şatlyk paýlaýar. Ine, şeýle ajaýyp günleriň ýene-de biri ata-babalarymyzyň köňül buýsanjyna, göwün şatlygyna öwrülen, dünýäni al-ýaşyl, ak-gyzyl güllere besläp, ýene-de ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenilip geçildi. Gadymy pählewi dilinde «Nowruz» diýmek «täze gün» diýmegi aňladýar. Ol her ýylda bahar paslynda gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýär. Nowruz gelende, ekin meýdanlary gelşigine gelip, gyşdan çykan maýsalar atyz-pellere görk berip başlaýar. Daýhanlarymyz topraga gowaça çigidini oklap, täze hasylyň düýbüni tutýarlar. Aýdymda aýdylyşy ýaly, ýer görküni ynsan bezäp, uz eýleýän döwri başlanýar.
Türkmen topragy sahawatly, hasylly toprak. Türkmen topragyna ýazyň gelşem üýtgeşik. Guşlaryň baharyň gelşini buşlaýan mahmal owazy gulaga ýakymly degýär, ýazyň mymyjak şemaly ýüzüňi ýelpände nepesiň durlanyp, ruhuň beýgelýär.
Bahar pasly mukam deý joşup, Zemine gök lybasyny ýapdy. Daş-töwerek gül-gülälege bürenip, tebigat ýaz owazyna hüwdülenýär. Ot-çöpleriň, gül-gülälegiň ter ysyndan ynsan kalby joşa gelýär. Daş-töwerek baharyň howasyndan dem alýar.
Sahawatly türkmen tebigatynyň we topragynyň gadymy at-owazasyny dabaralandyrýan Nowruz bu gün täze röwüşde, täze öwüşginde türkmeniň kalbynda ýaşaýar.
Rowaýatlara görä, Nowruz sebitdäki gadymy senenamanyň esaslandyrylan güni hasaplanylýar. Ine, şol günden bäri hem Nowruz güni tebigatyň täzeleniş baýramy hökmünde bellenilip gelinýär. Nowruz her bir adamyň ýüregini joşdurýar.
Nowruz bize gadymyýetden gelip ýeten baýramlaryň biri. Ol biziň ýurdumyza heniz yslam dini gelmezden has öň, türkmenleriň otparazlyk dinine uýýan döwürlerinde-de bellenipdir. Bu baýramy Eýranyň, Owganystanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Merkezi Aziýanyň, Gazagystanyň we Zakawkaziýanyň halklary her ýylyň mart aýynyň 21-22-sinde bahar baýramy hökmünde belläp geçýärler.
Nowruz baýramçylygyna degişli ilkinji ýazgylar Gündogaryň beýik alymy Omar Haýýamyň «Nowruznama» işinde berlipdir. Omar Haýýam seljuklaryň şöhratly soltany Mälik şanyň ýörite tabşyrygy boýunça gün kalendaryny düzüpdir, şol düzülen kalendarda belli alym täze ýylyň başlangyjyny esas edinip, mart aýynyň 21-ini alypdyr.
Gündogaryň ýene bir beýik alymy Abu Reýhan al-Biruniniň «Gadymy halklardan galan ýadygärlikler» diýen eserinde hem Nowruz güni hakynda söhbet açylýar. Seljuklar döwrüniň görnükli alymy we döwlet işgäri, seljuk soltanlary Alp Arslanyň we Mälik şanyň köşgünde 30 ýyl wezirlik eden Nyzamylmülk öz meşhur «Syýasatnama» eserinde türki halklaryň arasynda täze ýyl dabarasynyň örän ýörgünlidigini ýatlap geçipdir.
Osmanly türkmen döwletiniň patyşalary hem Nowruza aýratyn uly üns berer ekenler. Nowruz günleri patyşalar üçin ýörite hatlar ýazylyp, hökümdarlara gutlag iberilipdir. Şeýle hem Nowruz günlerinde münejjim täze senenamany Osmanly patyşasyna berende, şol wagt hökümdar tarapyndan müneçjimbaşa berilýän sowgat pula-da «Newruziýe paýy» diýlipdir. Şol gün köşk hökümdarlary tarapyndan dürli otlardan taýýarlanylýan newruze atly tagamlar patyşanyň maşgalasyna hödür edilipdir.
Türkmen halky Nowruzda arpa, bugdaý, jöwen, mäş, şeýle hem bakja ekinlerini ekipdirler, miweli agaçlary oturdypdyrlar. Şol sebäpli mart aýyny olar ekerançylaryň baýramy diýip hasap edipdirler. Türkmen daýhanlary ýylyň nähiliräk boljakdygyny mart aýynyň gelşinden bilipdirler. Olar ekin işlerini başlamalydygyny ýa-da soňa goýmalydygyny kesgitläp bilipdirler we şoňa görä-de ekişe girişipdirler.
Nowruz güni her bir milletiň öz medeniýeti bilen birleşip, utgaşan aýratyn bir toýdur. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistandaky her bir baýram biz — ýaşlary ruhlandyrýar we buýsandyrýar.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
“Nesil” gazeti,
23.03.2019ý.