«Bagym bar, barym bar» diýýän türkmen halkymyz bagy dünýäniň gelşigi, ýaşaýşyň esasy çeşmeleriniň biri saýýar. Hut şonuň üçin hem häzirki wagtda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri döwlet derejesinde ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz şäherdir obalaryň, ýoldur ýodalaryň, seýilgählerdir dynç alyş merkezleriniň, edaradyr kärhanalaryň daş-töweregini gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwürmek babatda düýpli işleri amala aşyrmak bilen, diňe bir daşky gurşawy gözelleşdirmän, eýsem, ynsan saglygynyň möhüm şertleriniň biri bolan arassa howany emele getirmekde baglaryň uly ähmiýetiniň bardygyna anyk göz ýetirýär we bu ugurda amala aşyrylýan işlere derwaýys mesele hökmünde garaýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzy gür baglyga büremek işini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarmagy diýseň buýsançlydyr.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ekologiýa ylmynyň nazary we amaly ugurlarynyň ösmegine, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, ösümlik, haýwanat dünýäsini gorap saklamaga, olary rejeli peýdalanmak işlerine döwlet derejesinde uly ähmiýet berýär. Daşky gurşaw bilen baglanyşykly wajyp meseleleri çözmek, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly görnüşlerini gorap saklamak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da pajarlamagy üçin tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmak, gurulýan iri senagat, durmuş we hojalyk desgalarynda ekologik şertleri üpjün etmek milli Liderimiziň döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksatlarydyr. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň hukuk esaslary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we beýleki kanunlarda berkidilen daşky gurşawy goramagyň ýörelgelerine esaslanyp, döwlet ähmiýetli derejä göterilýär. «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlikleriň karantini hakynda», «Ösümlik dünýäsini goramak we aýawly peýdalanmak hakynda», «Howa giňişligini goramak hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Döwlet ekologiýa ekspertizasy hakynda» we başga-da ençeme Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Bu kanunçylyk namalarynyň düzümi ekologik durnuklylygy gazanmakda, bioköpdürlüligi gorap saklamakda, adamlaryň amatly, arassa, sagdyn tebigy gurşawa bolan hukuklaryny amala aşyrmakda möhüm orny eýeleýär.
«Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Ýagşydan bag galar...», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki» ýaly ajaýyp dürdäneleri miras galdyran ata-babalarymyzyň milli ýörelgesine eýerýän Gahryman Arkadagymyz Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde halkymyzyň ömrüne ömür goşýan kisloroda baý howany emele getirýän baglaryň, gülleriň, ösümlikleriň köpeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu işleriň çäginde bag ösdürip ýetişdirmeklige we olaryň görnüş taýdan dürlüligini artdyrmaga berilýän ünsüň oňyn netijelerini ýurdumyzda öňden ýetişdirilip gelinýän tallaryň, çynardyr arçalaryň, leýlisaçlaryň, derekleriň we beýleki baglaryň hatarynda dünýäde bitýän başga-da birnäçe nahal görnüşleri bilen baýlaşdyrylýandygynda görýäris. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda ýöriteleşdirilen ýyladyşhanalar döredilip, olarda owadan gülleriň köp görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär we şäheri abadanlaşdyrmak boýunça iş alyp barýan degişli gulluklara yzygiderli ugradylýar. Munuň özi şäheriň tebigy aýratynlygy we bezeg görnüşleriniň özboluşlylygyny artdyrmak bilen bir hatarda, paýtagtymyzda ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Asylly däbe görä, her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda bag ekmek çäresine badalga berilýär. Ählihalk çäresine gatnaşyjylar milli Liderimiziň göreldesine eýerip, uly ruhubelentlik bilen işjeň girişýärler. Olaryň aglabasynyň bolsa bagtyýar ýaşlardygyny göreniňde buýsanjyň artýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan her bir iş watansöýüjilige, nesil terbiýesine ýugrulýar. Köpçülikleýin bag ekmek dabarasy hem hut şu ýerden gözbaş alyp, munuň özi bir tarapdan oňa gatnaşyjylarda zähmete söýgini döretse, ikinji bir tarapdan agzybir çekilen zähmetiň netijesinde halkymyzda daşky gurşawa bolan gatnaşykda kämil garaýşy ösdürmäge ýardam edýär. Çünki bag ekmek şu günden geljek nesillere bagtyýarlyk saýasyny salmakdyr.
Häzirki döwürde dünýä bileleşigi Türkmenistanyň tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýeti bolan daşky gurşawy goramagyň wajyp meseleleriniň çözgüdine goşýan ägirt uly goşandyny ykrar edýär. Araly, şeýle hem daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny berjaý etmek baradaky meseleleriň çözülmegi köp babatda ekologiýanyň oňaýsyz täsirlerini başdan geçirýän döwletleriň ylalaşykly hereketlerine bagly bolup durýar. Şulardan ugur alnyp, öz wagtynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasy döredildi.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna ýolbaşçylyk edýär. Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden ýörite Kararnamasy milletler bileleşiginiň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyndaky ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, bu gaznanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ýardam edýär. Ýurdumyzyň demirgazyk çägindäki Sarygamyş kölüniň gündogarynda, Bötendag belentliginiň töwereginde 20 müň gektar ýerde tokaý zolaklaryny döretmek işleri hem Aral deňziniň guramagy sebäpli ýüze çykýan duzly, tozanly ýelleriň öňüni almakda möhüm çäreleriň biridir.
Häzirki döwürde jemgyýetimizde ekologik bilimleriň we ekologiýa medeniýetiniň durmuş ähmiýeti ýokarlanýar. Şu maksatdan ugur alyp, milli Liderimiz ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge we olarda tebigata aýawly garaýşy terbiýelemäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamagy döwrüň öňe sürýän wezipeleri hökmünde kesgitleýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem bu ugurda netijeli işleri alyp barýar. «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynda» hem ýaş raýatlarda daşky gurşawyň düzüm böleklerine ekologiýa aňyny, medeniýetini we aýawly garaýşyny döretmäge, mümkinçilikleri çäkli ýaş raýatlaryň beden ösüşini, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny höweslendirmek boýunça degişli çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Ýaşlarda tebigata aýawly garaýşy terbiýelemäge, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge ýardam edýän döredijilik bäsleşikleridir duşuşyklary yzygiderli geçirýär. Bu medeni-jemgyýetçilik çärelerde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Türkmenistan — melhemler mekany», «Çaý — melhem hem ylham» atly düýpli ylmy işlerindäki ekologiýanyň möhüm meseleleri, mele topragymyzyň, ösümlikleriň, haýwanlaryň ekologiýasy, adamyň daşky gurşaw bilen özara baglanyşyklary hakynda gyzykly çykyşlar edilýär.
Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň ähli künjekleri we onuň töwerekleri tanalmaz derejede özgerdi we gülläp ösýän şäher gurşawyna öwrüldi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ählihalk goldawyna mynasyp bolýan syýasatynyň anyk netijeleridir. Türkmenistanlylaryň agzybirliginiň we zähmet ruhy göterilişiniň beýanyna öwrülýändiginiň, giň möçberli özgertmeler syýasatynyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Soltangeldi BABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
21.03.2019ý.