Biz — beýik başlangyçlaryň amala aşyrylýan zamanasynyň bagtyýar ýaşlary. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň özeninde, ilkinji nobatda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýandygyny tutuş durkumyz bilen duýýarys.
Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ylym-bilimli, sagdyn hem ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertleri döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşlarynyň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyply adamlar bolup ýetişmekleri baradaky tagallalary öz ajaýyp miwesini berýär. Ýaşlar döwür bilen aýakdaş gadam urup, ähli mümkinçilikleriň hözirini görýärler. Olar giň dünýägaraýyşly, sowatly adamlar bolup kemala gelýärler.
Belent ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýaşlara uly işler, arzuwlara gol berýän zähmet ýeňişleri garaşýar. Beýik maksatlara ýetmekde türkmen ýaşlaryna uly orun berilýändigi biziň her birimize çäksiz buýsanç bagyşlaýar. Ähli zehinimizi, ukyp-başarnygymyzy, güýç-gaýratymyzy Watanymyza bagyş etmek, mähriban halkymyza ak ýürekden hyzmat etmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ylym, hünär öwrenmegi, eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir! Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli amala aşyrýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Nurmyrat ŞAMYRADOW,
TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
19.03.2019ý.