TEBIGY BAÝLYK — MÜDIMI BAÝLYK

Mähriban Diýarymyz tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýedir. Munuň bilen birlikde, dünýäde iri energiýa serişdelerini öndüriji döwlet hökmünde tanalýar. Biziň ýurdumyzda tebigy baýlyklarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokarlandyrmak bilen birlikde, bütin adamzadyň ýagty geljegine gönükdirilýändigi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan işler, durmuşa geçirilýän iri taslamalar, göz öňünde tutulýan maksatnamalar ýurdumyzyň içerki baýlyklaryny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini subut edýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen nebitçileri, gazçylary, geologlary ýadawsyz zähmeti bilen uglewodorod serişdeleriniň çig mal ýataklaryny gözlemekde, agtarmakda, tapmakda, täze tehnologiýalardan netijeli peýdalanýarlar. Şeýle hem ýurdumyzda guýulary çuň burawlamak we ýataklary özleşdirmek, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan işleriň depginini we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlar (hünärmenler, kompaniýalar) bilen hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär. Nebitgaz ulgamy bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň görkezijilerini ýokarlandyrmakda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän işlerinde uly rowaçlyklar ýar bolsun!

Batyr ANNABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gu­ra­ma­sy­nyň Büz­me­ýin et­rap Ge­ňe­şi­niň esa­sy hü­när­me­ni.

“Nesil” gazeti,

16.03.2019ý.

Meňzeş habarlar