Gyşyň geçip öz ornuny ýaşyl ýazlara bermegi tebigatyň mizemeýän kanuny. Ine, ýene-de biziň dünýämize ýaz geldi. Töwerekde guşlaryň şadyýan saýraýan sesleri, baharyň hoştap howasy, hol, uzaklardan daglaryň, baýyrlaryň, agaçlaryň üstünden çalaja öwüsýän mylaýym ýeller, asmanda hatar-hatar gurap barýan ak bulutlar, uzak ýaýlalarda owlak-guzularyň mäleşýän sesleri, çalaja çisňeýän ýagşyň ýerleri ezmegi bularyň ählisi dünýäni joşguna öwrüp gelen ýazyň buşlukçysy.
Ýaz — galkynyş, ýaz — ýaşaýyş, ýaz — ömürleriň gülleýän, göwünleriň göterilýän pursady. Baharda açylýan gül-gülälekleri görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Joşup aýdym aýdara bagşy, waspyny giňden ýetirere şahyr gerek.
Tämiz howanyň gözelligine görk goşýan guşlaryň, çagalaryň şat gülküsi baharyň sergin ýelleri bilen sazlaşyp, dünýä ajaýyp aýdym bolup dolýar. Baharyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Daglaryň kä ýeri al-ýaşyl dona bürense, kä ýerleri bolsa gyrmyzy güläleklerden düşek düşenýär. Bahar gözelliginiň waspy sözde beýan ederden çuňdur. Göwünler ala-ýaz bolsa, onda tebigatyň bütin gözellikleri şonuň goýnunda ýerleşendir. Bahar pasly duýgulara baý.
Baharda kalby näzik enelerimiziň, gülden zyýat uýalarymyzyň, göwünleri mähirden doly zenanlarymyzyň baýramçylygy uly şowhuna beslenýär. Mähriban eneler, eziz uýalar, goý, siziň kalbyňyz bahar bägülleri ýaly päkize hem owadan bolsun!
Sähra SUHANOWA,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
“Nesil” gazeti,
14.03.2019ý.